Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipriň demirgazyk böleginde saýlawlar tamamlandy


Ozüni Türk respublikasy atlandyran Kipriň demirgazyk böleginde geçirilen saýlawlarda, resmi maglumata görä, garaşsyzlygyň tarapdary Derwüş Erogly ýeňiş gazanypdyr. Ol hökümete baştutanlyk edýär.

Onuň esasy bäsdeşi respublikanyň häzirki baştutany Mehmet Aly Talat bolup, ol kiprli grekler bilen birleşmek barada gepleşiklere tarapdar hasap edilýär.

Diplomatlaryň pikiriçe, bu iş indi yza tesdiriler.

Kipriň türk bölegi 1974-nji ýylda bölünip aýrylypdy. Ony diňe Türkiýe ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG