Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada howa aragatnaşygy dikeldiler


Ýewropa aeroportlar bileleşigi hem Ýewropa awiakompaniýalar bileleşigi howa aragatnaşykgyna girizilen çäklendirmäni ýatyrmaga çagyrdy.

Käbir awikompaniýalar synag uçuşlaryny amala aşyryp, wulkandan çykan külüň hiç hili zyýan bermeýändigini aýtdylar.

Transport meselelelerine ýolbaşçylyk edýän Ýewrokomissiýanyň agzasy Siým Kallas şu gün Ýewropanyň howa giňişliginiň ýarsynyň howpsuz hasap ediljegine ynam bildirdi. ÝB-e agza ýurtlaryň transport ministrleriniň şu gün ýagdaýy maslahat etjekdigini Kallas habar berdi.

Islandiýada wulkanyň oýanmagy netijesinde ondan çykýan tüssäniň hem tozanyň samolýotlara zyýan bermeginden ätiýaç edip, Ýewropanyň 20 töweregi ýurdunda howa aragatnaşygy ýatyryldy. Onlarça müň uçar reýsleri näbelli möhlete süýşürildi.

Awiakompaniýalaryň çekýän zyýany milliardlar bilen ölçelýär.
XS
SM
MD
LG