Sepleriň elýeterliligi

Awaza dynç alyş zolagynda uly dabara bilen kabul edilýän täze obýektler, isleseň-islemeseň-de, öz-özüňe “bu näme üçin şeýle edilýär?” diýen soragy bermäge mejbur edýär.

Awazada gurulýan şol kaşaň binalardan ýönekeý türkmen raýatynyň daşdadygyny resmi propaganda-da boýun alýar. Töleg meselesinde ol binalaryň türkmenistanlylara elýeterli bolup-bolmajagyny henize çenli öwrenen ýok.

Ozaly bilen köp sanly pensionerler, galyberse-de, jemgyýetiň garyp gatlagy üçin bu ýerde dynç almagyň näderejede mümkin boljagyny ýakyn wagt anyk görkezer.

Ýöne häzir üns merkezindäki baş sorag anyklanylýar: şol amatlyklar hem kaşaňlyk kime degişli bolar?

Bu ýerde türkmenler biraz yza tesmeli bolsalar gerek. Munuň şeýledigini geçen hepde Türkmenbaşy şäherindäki dabara bilen açylan aeroport gytaklaýynam bolsa tassyklady. Şol aeroporty resmi propaganda “Awaza turistik zolagynyň howa derwezesi” diýip atlandyrdy.

Bu zolakda bolmagy mümkin geljekki müşderileriň geografiýasy eýýäm maslahat edilýär. Olar Marydan ýa Daşoguzdan ýa-da Türkmenbaşy şäheriniň özünden geljek adamlar däl. Asla olar däl.

Bu meselede türkmenistanlylara alada galyp oturasy iş ýok. Olara bu ýerde degişli zat ýok diýerlik. Müşderiler, dynç aljaklar Orsýetden, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden geljekler bolar. Hindistandan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan turistler gelerler.

Arkaýyn aýdylýar

Häzir häkimiýetler tarapyndan aldygyna reklama edilýän dynç alyş zolagynyň ýakyn wagtlarda baý daşary ýurtlular üçin özboluşly bir anklawa öwrülmegi-de mümkin.

“Bary-ýogy sanalgy ýyldan Awaza ýer ýüzündäki behişte öwrülip, dünýäniň dürli döwletlerinden dynç almaga hem saglygyny dikeltmäge adamlar gelip ugrar” diýip, döwlet propaganda maşyny utanman, çekinmän, aýdyp başlady.

Şu günki gün Hazaryň kenarynda “Watançy”, “Hazyna”, “Çarlak”, “Nebitçi”, “Kerwen”, “Kuwwat” ýaly ýokary klasly myhmanhanalar işläp başlady. Şol jaýlarda ýokary derejede amatlyklar bolup, dynç alýanlara gowy hyzmatlar edilýär.

Şol kaşaň binalaryň kime niýetlenendigi, kimler üçin gurlandygy hiç kimde güman döretmeýär. Bahasy gala şol eşretleriň, medisina hyzmatynyň hözirini görüp biljek adam Türkmenistanda beýle bir köp tapdyrmasa gerek. Diňe türkmen býurokratiýasynyň iň ýokary gatlagyna degişli çinownikler beýle elpe-şelpelikden peýdalanyp bilerler. Esasy müşderiler daşary ýurtlardan geljek gurply adamlar bolar.

Ýene bir problema

Şol turistik aladalaryň arkasynda ýene bir problema dur: ol ýurduň prezidenti tarapyndan Awazada täze obýektleriň açylyş dabarasynda özüni görkezdi. Aeroportyň daşyndan aýlanyp, G.Berdimuhamedow binanyň ikinji gatyna çykdy. Şol ýerde, belki, iň esasy gulluk ýerleşip, ol bu binanyň aýratyn režimli jaýdygyny äşgär etdi.

Ýörite saýlanyp alnan ofiser aeroportuň migrasiýa gullugynyň işi barasyndla prezidente dabara bilen hasabat berdi. Iş ýüzünde ýurtdaky turizmiň hakyky hojaýynynyň kimdigi belli boldy.

Turizmi ösdürmek boýunça ýolbaşçylar uly aladalar, aýgytly hereketler etse-de, ýurda gelmegiň berk düzgünleri saklanyp galjaga meňzeýär. Häzirki sistemanyň bu demir ýaly berk hem mizemez binýady Türkmenistany has açyk ýurt etmek barada berilýän wadalara çapraz gelýär.

Eger şol düzgün üýtgemese, özgermese, belki, aýak aldygyna reklama edilýän Awaza zolagy boş ýa-da ýarym boş durar. Altyndanam bolsa özboluşly türmede kimiň dynç alyp, saglygyny dikeldesi geler?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG