Sepleriň elýeterliligi

Wulkanyň tüssesi Ýewropa çynlakaý zyýan ýetirdi


Öten penşenbeden bäri Islandiýadaky bir wulkandan asmana sowrulyp duran kül gatyşykly tüsse howa gatnawyny kesip, Ýewropa we tutuş dünýä çynlakaý zyýan ýetirdi.

Animation Ash Plume From Icelandic Eruption

x
Bäş gün bäri dowam edip gelýän bu krizisden howa ýoly senagaty 100 millionlarça dollar zyýana uçrady, millionlarça ýolagçy ýolda galdy. Krizis import-ekseporta hem agyr zarba urdy.

Ýewropanyň Transoprt Komissary Siim Kallas 18-nji aprelde: “Bu beýle dowam edip bilmez” diýdi: “Bular ýaly zat ozal bolanok. Munuň beýle dowam etmeli däldigi belli. Biz beýdip, durup, külli tüsse üstümizden haçan sowlar diýip garaşyp bilmeris”.

Ýewropa Bileleşigine häzir prezidentlik edýan Ispaniýa gyssagly planlar barada pikir alyşmak üçin transport ministerlerini wideo konferensiýasyna çagyrdy.

Ýewropa Komissiýasy bu külli tüssäniň ykdysadieýete we ýewropa ýolagçylygyna näçe zyýan ýetirenliginiň anygyna ýetmek üçin ýörite topar döretmekçi.

Ýewropanyň howa gatnawlaryna gözegçilik edýän Eurokontrolyň başlygy Brian Flynn 15-nji aprelden bäri 63 müň töweregi kadaly uçar reýsiniň ýatyrylandygyny habar berdi.

“Ýewropanyň takmynan ýarpysy wulkanyň külli tüssesiniň zyýan ýetirmegi mümkin regionyndan daşarda ýerleşýär. Şol sebäpden uçar meýdanlarynyň we howa giňişlikleriniň birnäçesini açmaga mümkinçilik bar. Biz şu gün göz öňünde tutulan gatnawlaryň 30-35 prosenti ýol alar diýip, pikir edýäris” diýip, Flynn aýtdy.

Bu krizise garaşylmaýardy

Ýolagçylar, söwda we maliýe bazarlary üçin ýagdaýy kynlaşdyrýan bu krizise garaşylmanlygy üçin hökümetleriň oňa taýýarlygynyň bolmanlygy.

Britaniýada bu ýagdaý öňümizdäki aýlarda geçmeli saýlaw kampaniýalarynda bir tema öwrülip barýar. Hökümet şu gün iki harby gämini iberip, howa gatnaway kesilendigi zerarly Fransiýada galan raýatlaryny ýurda getirjekdigni bildirdi.

Ýurduň syýahat agentligi ABTA-nyň birldirmegine görä, häzir daşary ýurtlarda yzyna aşyp bilmän oturan britaniýalylaryň sany 150 müň töweregi.

Halkara Howa Transporty Birleşigi IATA bu krizise hiç bir maslahatsyz, ölçegsiz çemeleşendikleri üçin hökümetleri tankytlady. Birleşigiň baş direktory Jowanni Bisignani muny Ýewropa üçin utanç diýip atlandyry.

“Men muny ýewropa bulam-bujarlygy diýip atlandyrdym. Näme üçin? Sebäbi ol ne sanlara seretdi, ne-de faktlara” diýip, Bisignani aýtdy.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, krizisden ykdysadyýete häzirkisinden daşgary näme zyýanlaryň ýetjekdigi entek belli däl.
XS
SM
MD
LG