Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geljekki alty aý Gyrgyzystan üçin aýgytly döwür


Geljekki alty aý Gyrgyzystan üçin aýgytly döwür bolup durýar. Bu wagtlaýyn hökümetiň täze konstitusiýa düzüp, saýlaw kanunyny döretmek we täze parlament saýlawlaryny geçirmek üçin öz öňünde goýan möhleti.

Häzir Bakyýewiň agdarylmagyndan gözbaş alýan umumy şatlygyň içinde hemmeleri gyzyklandyrýan zat – wagtlaýyn hökümetiň geljek ýarym ýylyň dowamynda ýurdy dolandyrmagy başarjagy ýa-da başarmajagy. Sebäbi bu hökümet dürli syýasy partiýalara degişli 14 sany öňki oppozision şahsyýetlerden ybarat.

Bakyýewiň gidenine gynanýan adam köp däl. Ýöne böwrüňi diňledýäni, ony wezipe başyndan aýyrmak üçin ulanylan ýoluň ideal, gelejekde şular ýaly ýagdaýlarda görelde edinerlik gowy ýol däldigi. Bakyýewiň režiminiň demokratik pikirdeşligiň köp formalaryny bogup ýatyranlygyna gürrüň ýok. Ony häkimiýet başyndan kowmagyň ýeke-täk ýolunyň zorluga daýanmak bolan bolmagy-da ähtimal. Ýöne bu gyrgyz syýasy medeniýetiniň giň struktural gowşaklykdan ejir çekýänligini, oňa çyn syýasatyň ýetmezçilik edýänligini görkezýär.

Häzir ýurdy dolandyraýan wagtlaýyn hökümetiň agzalary ygtyýarlylygy çäklendirilen ýerine ýetiriji parlamentar sistemany ornatmak üçin täze Baş kanun düzjekdiklerini bildirdiler. Onsoň prezidentlik iş ýüzünde bir formal orna öwrülýär. Şeýle edilen ýagdaýynda ýurt öňki iki ýolbaçynyň döwründe ýüzbe-ýüz bolnan problemalardan dynar diýen umyt bar.

Konflik turarmy?


Gyrgyzystanyň syýasy medeniýetine agalyk edýän şahsyýetler. Şol sebäpden hem geljek alty aýyň içinde ýurtda näme konflikt tursa-da, onuň wagtlaýyn hökümetiň içinde häkimiýet ugrunda özara bäsdeşlik edýän dürli ýolbaşçylaryň arasyndaky pikir tapawutlaryndan gözbaş almagy mümkin.

Häzir bu 14 ýolbaşçynyň agzyny birikdirýän ýeke-täk ýagdaý – olaryň barynyň öz syýasy karýerasynda bir wagt Bakyýewiň garşydaşyna öwrülendikleri. Olaryň arasynda näme bölünişikleriň, näme problemalaryň boljakdygy entek belli däl.

“Biziň wagtlaýyn hökümetimiziň agzalarynyň arasynda problemalaryň boljakdygy görnüp dur. Sebäbi olar dürli garaýyşlara we gymmatlyklara wekilçilik edýärler. Meniň olar bir iş topary bolup bilmez diýýänimiň sebäbi şol. Ýöne biz bir koalisiýa döretmäge synanyşmaly. Şu wagt hemmämiz şu ugurda işleýäris. Syýasatçylaryň hemmesiniň tagallasy ýurdumyzda kanuny güýç döreýänçä, iň bärkisi bäş-alty aý şu hökümeti aýak üstünde saklamak” diýip, “Ata-Meken” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Röwşen Jeenbekow aýdýar.

Uly gaýgy

Häzir uly gaýgy Gyrgyzystanyň içki durnuklylygyny howpsuzlandyrmak bolansoň, ýurduň demokratiýasyny ýa-da onuň demokratiýa çalymdaş birçakky ýagdaýyny nähili dikeldip bolar diýen kyn soraga ol diýen üns berlenok.

Synçylar ozal hem demokratiýany wada eden bir rewolýusiýany başdan geçirip, iň soňunda hem öz gopbamsy ritrorikasyna gark bolan ýurtda syýasy elita öňki ýalňyşlaryndan sapak alandyr diýip, umyt edýär. Bu rewolýusiýanyň öňküler ýaly özüniňkileriň başyna ýetip-ýetmejekligini hem kesgitlejek, ine, şu soragyň jogaby.
XS
SM
MD
LG