Sepleriň elýeterliligi

NATO barýan ýangyç partladyldy


Şu gün Pakistanyň demirgazyk-günbatar raýonynda Owganystandaky NATO güýçleri üçin ýangyç alyp barýan iki sany ýangyç sisternasy partladyldy.

Ýangyçly ulaglaryň partladylmagy netijesinde azyndan 6 adamyň ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Pakistanyň serhet ýakasynda amala aşyrylan bu partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Ýöne mundan ozal Pakistanyň territoriýasynda ýangyçly sisternalara garşy amala aşyrylan şular ýaly hüjümleriň jogapkärçiligini talyplar bilen ýakyn hyzmatdaşlykdaky «Laşkari-yslam» atly ýerli ýaragly topar öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG