Sepleriň elýeterliligi

«Toýota» ABS-nyň hökümetine jerime tölemeli


Şu gün Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri «Toýota» korporasiýasynyň Birleşen Ştatlaryň hökümetine 16.4 million dollar jerime tölär diýlip garaşylýandygyny mälim etdiler.

Bu jerime «Toýota» korporasiýasynyň öndüren maşynlaryndaky gaz pedallarynda bar bolan näsazlyklar üçin tölenilmeli. Suduň bu baradaky çykaran kararyna garşy şikaýat etmek üçin goýlan möhlet şu gün tamamlanýar. Ýöne «Toýota» korporasiýasy özüniň bu karara garşy şikaýat etjekdigi ýa etmejekdigi barada häzirlikçe hiç hili resmi beýanat ýaýratmady.

Şu ýylyň ýanwarynda bu korporasiýa öz öndüren maşynlarynyň gaz pedallarynda bar bolan kemçilikleri düzeltmek üçin 2 million 300 müň töweregi maşynyň yzyna gaýtaryljakdygyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG