Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda berlen sesler täzeden sanalar


Şu gün Yragyň saýlawlary boýunça döredilen barlag Komissiýasy 7-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda Bagdatda berlen sesleriň gaýtadan sanalmalydygy barada karar çykardy.

Yragyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň wekili Hamdiýa al-Husseýni Bagdat şäheri boýunça sesleri gaýtadan sanamaklyga haýdan-haý başlanjakdygyny aýtdy.

Yragyň parlamentindäki 325 orundan 68-si Bagdat şäheri üçin niýetlenilýär. Yrakdaky geçirilen parlament saýlawlarynda sesleriň sany boýunça ikinji orny alan Yragyň häzirki premýer-ministri Nury al-Mälikiniň syýasy blogy sesleriň gaýtadan sanalmagyny talap edip, çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG