Sepleriň elýeterliligi

Ýewropada uçar bökdençligi dowam edýär


Geçen hepde Islandiýada atylan wulkan henizem Ýewropanyň köp ýurtlarynda uçar gatnawlarynyň togtamagyna sebäp bolýar.

Bu wulkanyň asmana ýaýradan tozany we küli zerarly Ýewropanyň ýurtlaryndan köpüsinde indi bäş gün bäri uçar gatnawlary doly ýa-da bölekleýin ýatyrylan ýagdaýda. Bu ýagdaý bolsa öz gezeginde ýolagçylaryň gatnawlarynda uly bökdençlikleri hem-de kynçylyklary döretdi.

Ýewropa Bileleşiginiň transport meseleleri boýunça Komissary Siim Kallas şu gün bu mesele bilen baglanyşykly Brýusselde geçiren metbugat konferensiýasynda häzirki wagt ýolagçylaryň howpsuzlygynyň iň möhüm mesele bolup durýandygyny we bu ugurda hiç hili eglişiklere gidilip bilinmejekdigini aýtdy.

«IATA» atly halkara howa ýollary boýunça senagat topary häzirki bökdençilikler sebäpli howa ýollary kompaniýalarynyň her günde jemi 250 million dollar töweregi ýitgi çekýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG