Sepleriň elýeterliligi

Kurmanbek Bakyýew Gazagystany terk etdi


Geçen hepde Gazagystana baran Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýew Gazagystany hem terk etdi. Hususan-da, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Omarow şu gün Azatlyk radiosyna beren interwýusynda Kurmanbek Bakyýewiň şu geçen dynç alyş güni Gazagystanyň territoriýasyny terk edendigini, ýöne onuň anyk niräk gidendiginden özüniň habarsyzdygyny aýtdy.

Bu wakanyň yzy bilen bolsa, şu gün Belorusyň Gyrgyzystandaky ilçisi Wiktar Dýanisenko ilçihananyň öňüne ýygnanan protestçilere ýüzlenip eden çykyşynda Kurmanbek Bakyýewiň Belorusa barmanlygyny tassyklady.

Bu ilçihananyň öňünde protestçileriň ýygnanmagyna düýn Belorusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň eden çykyşy sebäp boldy. Düýn Aleksandr Lukaşenko Kurmanbek Bakyýewiň we onuň maşgala agzalarynyň islän halatynda, olara bu ýurtdan syýasy gaçybatalga bermäge taýýardygyny aýdyp, çykyş edipdi.

Bu wakanyň fonunda bolsa, şu gün Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalalabat şäherinde ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň 1000-e golaý tarapdary şäheriň merkezine ýygnanyp, ýurduň häzirki wagtlaýyn hökümetine garşy protest şygarlary bilen çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG