Sepleriň elýeterliligi

Graždan ýaranlygy boýunça dünýä bileleşigi bolan CIVICUS guramasynyň 16-njy aprelde metbugat üçin ýaýradan beýannamasynda Türkmenistanda graždan aktiwistleriniň we medisina işgärleriniň sorag edilýänligi we medisina merkezleriniň ýapylýanlygy barada öz ýerli çeşmelerine salgylanyp habar berdi we muny Türkmenistanyň hökümetiniň halkara tankytlaryna reaksiýasy bilen baglanyşdyrdy.

Graždan partnýorlygy boýunça dünýä bileleşigi bolan CIVICUS guramasy ýerli, milli, regional we halkara derejelerde guramalaryň bileleşigini emele getirýän agzalar we ýaranlar alýansy bolup durýar.

CIVICUS guramasynyň wekili Sonia Zilbermanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, çäklendirilen şertli ýurtda graždan jemgyýetçiligine garşy gysyşlaryň ýene güýçlenmegi bilen bagly aladalanmalar, guramanyň beýannama ýaýratmagyna sebäp boldy.

Sonia Zilberman CIVICUS guramasynyň Ýewraziýa boýunça iş alyp barýanlygyny we ýerli graždan aktiwistleri bilen ýakyndan işleşýänligini, öz wezipesiniň bolsa postsowet giňişliginde graždan jemgyýetçiligini ösdürmek boýunça raýatlaryň hem jemgyýetleriň hereketlerini sazlaşdyrmakdan ybaratdygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanda graždan aktiwistleriniň we medisina işgärleriniň sorag edilmegi bilen bagly wakalary ýurduň içinden entek tassyklan ýok.

“Serhetsiz lukmanlaryň” hasabaty

Türkmenistanda medisina merkezleriniň ýapylmagyny we sorag edişlikdir yzarlamalaryň başlanmagyny CIVICUS guramasy “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky ýagdaý barada hasabat ýaýratmagy bilen baglanyşdyrýar.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň 12-nji aprelde köpçüligiň dykgatyna ýetirilen hasabatynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky kemçiliklere üns çekildi. Hususanda, ýurtda ýokanç we howply keseller boýunça hasap ýöretmek we olaryň öňüni almak ugurlarynda halkara kadalaryna laýyklykda çäre görülmeýänligi aýdyldy.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasy öz hasabatynyň 10 ýylyň dowamynda Türkmenstanda işlän döwründäki tejribäniň esasynda taýýarlanlygyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň hasabatynyň obýektiw bolmadyk materiallar esasynda düzülip, hasabatyň awtorlarynyň ýalan informasiýa ýaýratmak arkaly Türkmenistany abraýdan düşürmäge çalyşýanlygyny öňe sürdi.

Medisina merkezleriniň ýapylmagy

14-nji aprelde Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen Aşgabatdaky medisina edaralarynyň ençemesi ýuridiki statusyndan mahrum edildi. Olaryň arasynda deri-weneralogik keselleri dispanseri, inçekeseliň oňüni almak boýunça dispanser, WIÇ SPID-iň öňüni almak boýunça milli merkez we ýokanç keseller boýunça Aşgabatdaky şäher gospitaly bar.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, bu edaralaryň ýerine Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň ýokanç keseller merkezi döredildi.

Türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew türkmen hökümetiniň bu çäresi ýurtda ýokanç keselleriň ýagdaýyny gözegçilik astyna almak we hasaba almak mümkinçiliklerini artdyrýar diýip, pikir edýär.

“Reforma mätäç”

Türkmenistyanyň häkimiýetleri ýurduň saglygy saklaýyş sistemasynyň kemçiliklidigini düýpgöter ret edýärkä, garaşsyz synçylar we Türkmenistanyň raýatlary medisina hyzmatlarynyň hili pes bolup, medisina kömeginiň ilat köpçüligi üçin elýeterli däldigini aýdýarlarlar.

Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynyň düýpli reforma gaty mätäç diýip belleýär, emma görülýän käbir çäreleriň, meselem, Saglygy saklaýyş ministriniň täzelenmegi ýaly ädimleriň-de, ilatda gowulyga tarap umyt döredýänligini aýdýar.

CIVICUS guramasynyň wekili Sonia Zilberman Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky ýagadýyň kämilleşmegi üçin G.Berdimuhamedowyň hökümetiniň ýurduň saglygy saklaýyş siztemasyndaky ýagdaýy gözden geçirip, hakykaty kabul etmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Hakykat barada habar berip, ýagdaýy gowulandyrmak boýunça öz ýardamyny we tekliplerini öňe sürmeginiň bolsa halkara guramalarynyň wezipesi bolup durýanlygyny CIVICUS guramasynyň wekili Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG