Sepleriň elýeterliligi

16-njy aprelde Gypjak obasynda ýerleşýän Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýän metjitde ýurduň ilkinji prezidentiniň ýagty ýadygärliginiň hatyrasyna sadakanyň berilmegi diňe bir gypjaklylary däl, eýsem ähli türkmenistanlylary hem geň galdyrdy.

Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-njy aprelde Saparmyrat Nyýazowyň ýagty ýadygärligini hatyralap, onuň maşgala kümmetine gül goýandygy, ol ýerde bolsa ýurduň din wekilleriniň aýat-doga okandyklary habar berilýär.

Şeýle hem resmi maglumata görä, ýurduň häzirki prezidentiniň adyndan Saparmyrat Nyýazowyň hormatyna sadakanyň berlendigi aýdylýar. Ol sadaka Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem dürli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşyndygy barada aýdylýar.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň daşary söwda, potratçylyk we inženerçilik meseleleri boýunça döwlet ministri Mehmet Zafer Çaglaýan we TUSIAV türk senagatçylar we telekeçiler gaznasynyň başlygy Weli Sarytoprak gaznanyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Ýylyň döwlet adamy» adyny bermek barada çözgüt kabul edilendigini habar berip, ýurduň baştutanyna bu sylagy gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Türkmen baştutanyna bu sylagyň gowşurylmagy mynasybetli, şu günler ýurduň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda dabaralar geçirilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG