Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tatarystanyň öňki lideri syýasy mirasyna syn berýär


20 ýyla golaý döwrüň dowamynda Tatarstana ýolbaşçylyk eden Mintimer Şaýmyýewiň wezipesinden çekilenine üç hepde geçdi. Ýöne Şaýmyýew Çehiýanyň meşhur Karlowy Wary kurortynda ýylda dynç almak endiginden el çekmedi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Tatar-başgyrt gullugy bilen söhbetdeş bolan Mintimer Şaýmyýew özüniň ýurtda galdyran syýasy mirasyna syn berdi.

Tatarystanyň prezidenti bolaly bäri, 1991-nji ýyldan başlap, Mintimer Şaýmyýew her ýylyň aprelinde birki hepdäni Çehiýanyň Karlowy Wary kurortynda geçirýärdi.

Şu sapar hem Şaýmyýew Bogemiýanyň suwlaryny içmek we ajaýyp baharyndan lezzet almak üçin Karlowy Wary kurortyna bardy. Ozalky ýyllardakydan bir tapawudy – Mintimer Şaýmyýew indi Tatarystanyň prezidenti däl.

20 ýyla golaý döwrüň dowamynda Orsýetiň iň ösen regionlarynyň biri bolan Tatarystana ýolbaşçylyk eden Şaýmyýew geçen aýda wezipsinden çekildi. Şaýmyýew özüniň häzirki ýagdaýyna entek doly öwrenişmänligini belläp, munuň häzirlikçe özi üçin täzelikdigini aýtdy.

73 ýaşly Mintimer Şaýmyýew öz ýaşyndan ýaş görünýär. Ol häzirki wagtda täze prezidentiň geňeşçisi hökmünde häkimiýet başynda galýar. Şeýle-de tatarlaryň taryhyna degişli gadymy ýadygärlikleri dikeltmek boýunça proýekte gatnaşýar.

Şol bir wagtda-da Şaýmyýew syýasata gatnaşmak üçin saglyk taýdan mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýar we özüniň Kremliň köne regional liderleri çalyşmak boýunça alyp barýan syýasatynyň çäginde wezipeden çetleşdirilenligi baradaky çaklamalary ret edýär.

Tatarystanyň ýolbaşçylarynyň ygtyýarlygy

Özüniň prezidentlik ygtyýarlygyny dowam etdirmezlik haýyşy bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewe ýüz tutansoň, Mintimer Şaýmyýew 25-nji martda öz ygytýarlyklaryny Tatarystanyň premýer-ministri Rüstem Minnihanowa tabşyrdy.

Analitikler geçen onýyllykda öz häkimiýetini güýçlendirmäge we regional awtonomiýalaryň ygtyýarlyklaryny çäklendirmäge çalşan Kreml üçin Minnihanowyň has diýen ediji ýolbaşçy boljakdygyny çak edýärler.

Bu bolsa Moskwanyň 1994-nji ýylda Orsýetiň şol wagtky prezidenti Boris Ýeltsiniň Tatarystana awtonomiýa hökmünde giň ygtyýarlyklary berýän permany esasynda baglaşylan ylalaşyklary ýatyrmak synanayşyklaryny güýçlendirmeginden howatyr döredýär.

Soňky ýyllarda Şaýmyýew Orsýetiň 2004-nji ýylda şol wagtky prezident Wladimir Putin tarapyndan regional ýolbaşçylaryň göni saýlanmagyny ýatyryp, Kreml tarapyndan bellemek düzgünini girizmegine garşy yzygiderli çykyş edip gelipdi.

Emma häkimiýet başyndan çekilensoň, Şaýmyýew Tatarystanyň geljekki liderleriniň öz regionynyň bähbitlerini goramak ukybyna häkimiýet bölünişigi boýunça ylalaşyk esasynda güwä geçiljegine ynam baglaýar.

Mintimer Şaýmyýewiň Tatarstanda musulman däp-dessurlaryny dikeltmek boýunça eden tagallalary iň güýçli taraplarynyň biri bolup durýar.

Söz we pikir azatlygy

M.Şaýmyýewiň öz pikirne görä, onuň gazanan iň uly üstünligi Tatarystanda garaşsyz habar beriş serişdeleriniň döredilenligidir.

Emma ýurduň içinde we daşynda synçylaryň ençemesi Şaýmyýewiň mirasyna tankydy garaýyşlaryny aýan edýärler.

Syýasaty öwreniji Aleksandr Kiniýew Şaýmyýewiň golastyndaky işgärleriniň öz syýasy täsirlerini güýçelendirmek we başgaça pikirlenýänleriň hereketini basyp ýatyrmak üçin köp iş edendiklerini belleýär.

Kiniýew Tatarystanyň Orsýetiň beýleki regionlaryna garanda has awtoritardygyny bellemek bilen jemgyýet wekillerine we ynsan hukuklaryny goraýjylara garşy jenaýat işlerini gozgamak we basyş etmek boýunça Tatarystanyň öňde barýan ýurtdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG