Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kagyzy urna atyp, kimdir birini haýsydyr bir wezipä saýlamak düşünjesi türkmenleriň taryhynda ýok. Bu düzgüni türkmen topragyna Sowet häkimiýeti getiripdi.

Türkmenler han, serdar saýlanlarynda han ýa-da serdar bolmaly adamlaryň hersi bir depäniň üstüne çykyp oturar eken. Onsoň, her kim kimi saýlajak bolsa, şonuň ýanyna baryp oturar eken. Kimiň töweregine köp adam üýşse, şol hem obanyň hany, goşunyň serdary bolupdyr. Türkmenlerde kethudalar (oba ýolbaşçylary—hanlary, serdarlary) saýlananda el galdyrmak ýa-da çykyp geplemek düzgünleri-de bolmandyr.

Sowet häkimiýeti türkmen topragynda gurulmazdan öň, Patyşa Russiýasynyň golastynda türkmenler kyrk ýyllap bolan bolsalar-da, saýlaw düzgünleri türkmenleriň arasynda «kimiň töweregine köp adam üýşmeşek» ýoly bilen amala aşyrylypdyr. Saýlawa hiç wagt aýallar gatnaşdyrylmandyr.

Saýlanmaly adamyň adyny kagyza ýazyp, ony-da urna - ýaşşige gizlin ýagdaýda taşlamak düzgünini türkmenlere sowet häkimiýeti öwretdi. Ýöne müň dokuz ýüz ýetmişinji-segseninji ýyllara çenli - ýagny, sowet häkimiýetiniň mekdeplerde okadyp ýetişdiren nesilleri saýlaw ýaşyna ýetýänçä adamlar, aýratyn-da oba adamlary kimi näme üçin saýlaýanlaryna-da düşünmän geldiler.

«Saýlawa çagyrylýarsyňyz, pylan magaziniň ýa-da mekdebiň öňünde saýlaw boljak. On sekiz ýaşa ýetenleriň her biri saýlawa barmalydyr» diýen habar bilen haýsydyr bir adamlar öýlere çakylyk hatyny gowşuryp giderdi. Sowet hökümetiniň döwründe ýaşy on sekize ýetenleriň her biri (aýallar-da) saýlaw uçastogyna baryp, ele tutdurylýan kagyzy mahmaldan dört tarapy ýapyk kabinada goýlan urnajyga atyp çykaýmalydy.

Saýlaw uçastogyna barmadyk kişi sowet hökümetine garşy adam hasaplanýardy. Şonuň üçin saýlaw güni toý-sadaka edilmezdi. Ýas başa düşende daň bilen saýlawdan geçip gelip, merhumy soň jaýlardylar. Hemmeler pasportyny alyp barmalydylar. Başga kişi üçin ses bermek ikinji bir kişä rugsat edilmeýärdi. Hatda düşekde ýatan hassalaryň, ýöremeden galan garrylaryň hem özi eline berilýän kagyzy urna atmalydylar. Olar üçin ýörite göçme urnalary aýlardylar. Olaryň ýerine hiç bir hossaryň kagyzy urna atmaga haky bolmaýardy.

Şeýle ýagdaýda kim saýlanardy?!

Saýlawa gidip gelýänlerden: «Kimi saýladyň?» diýlip soralanda olaryň hiç biri özüniň saýlap gaýdan kişisini tanamazdy. Soraga «Bilmedim» diýip, jogap bererdiler. «Bir topar orsuň surat-a asylgy durdy diwaryň ýüzünde» diýip jogap berýänlerem bolardy. Şeýle bolmazça-da däldi. Hiç bir syýasy sowady bolmadyk oba ilaty «Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Baş sekretary, Syýasy býuronyň çlenleri, Ispolnitel Komitetiň başlygy» diýen ýaly sözlere-hä bir düşünenokdylar, şeýle hem bir topar rus familiýalaryny ýat tutmaga olarda üşük-de ýokdy.

Indi görüp otursaň, sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde adamlary saýlawlara eltip, kimdir birini saýlatmak adam oýnamak eken. Düşünjesiz halky oýnamak eken. Moskwa tarapyndan öň saýlanyp goýlan kişini - özem, gapdalynda hiç bir alternatiw kandidatura bolmadyk ýekeje kişini saýlatmagyň özi gülkünç. Adamlaryň daň bilen turup, saýlawa diýip, ylgap gidişlerini ýatlap, şu wagtam nebsiň agyrýar. Ol saýlawlara «saýlaw» diýmeli däl-de, «tassykladyş» diýmeli eken. Eliňe berilýän kagyzdaky ýekeje familiýadan haýsy birini saýlamajak sen?! Onuň ýaly ýeke familiýaly kagyzy diňe epläp, urna atyp gaýdaýmak galýar. SSSR-iň ýolbaşçylarynyň ählisem şeýle ýagdaýda saýlandy. Olaryň haýsy biriniň ýanyna alternatiw kandidat goşulypdy? Hiç biriniň!

Türkmeler garaşsyz boldy. Indi olara Moskwadan görkezme ýokdy. Indi olar öz türkmenlerini saýlamalydylar. Ýöne urna atmaly kagyza ýazylan familiýa welin ýene ýekejedi - diňe Nyýazow! Başga kimi saýlamaly? Hiç kimi. Nyýazowyň döwründe halkyň biragyzdan saýlawa gatnaşmagyny häkimiýetler isläbem duranokdy. Saýlaw güni adamlaryň togsan dokuz bütin ýüzden togsan dokuz prosentiniň ses berendigini radio-telewideniýe habar berdi.

Elbetde, näçe prosent bolanda näme! Saýlanýan ýeke adam. Gapdalynda alternatiw ýok. Nyýazowyň «saýlanan» saýlawy-da saýlaw däl-de, tassyklaýyş bolupdy. Öň bellenen adamy tassyklamak. Bu-da gülkünç saýlaw. Saýlaw meselesinde halka şeýdip, üns bermezlik türkmenleriň geleňsizlik hem ýaltalyk keselini oýardy. Indi saýlawa adamlaryň ýetmiş prosenti baranok diýsegem, sözümiz dogry bolar. Saýlaw meselesinde türkmenleri hiç zat gyzyklandyrmaýar. Sebäbi halk eýýäm bir asyr bäri saýlaýjylar däl-de, tassyklaýjylar bolup gelýär.

“Birimiz hemmämiz üçin”

Indi saýlaw bolsa olar «Hemmämiziň kagyzymyzy-da urna taşlap gaýt» diýip, bir öýden bir adamy iberip oňýarlar. Hatda bütin goňşy-golamlarynyň adyndan kagyzy urna oklap ýörenlerem bar. Biriniň saýlanany ýa-da saýlanmany bilen öz günleriniň gowulyga tarap üýtgemeýänini türkmenler gördüler. Ýaşaýyş halk üçin gün-günden kynalýar, ýaramazlaşýar. Şonuň üçin türkmenleri saýlawlar-da, saýlanýanlar-da gyzyklandyrmaýar. Olaryň köpüsi kim saýlananda-da özleriniň mydama garamaýak bolup galmalydyklaryny, ekin ekip, mal bakyp ýörmeli boljakdyklaryny aýdýarlar. Öz günlerini gowulajak adamyň saýlanjagyna olar ynanmaýarlar.

Kandidatlar aşakdan ýokarlygyna saýlanman, ýokardan saýlanan bolsa-da, Türkmenistanda täze prezident saýlawyny garaz, «bäsleşikli saýlaw» diýip aýdyp bolar. Ol saýlaw bir asyryň dowamynda türkmen durmuşynda alty kandidat goýlup geçirilen ilkinji saýlaw boldy.

Türkmenistanda demokratik saýlawlar geçirilmeli bolaýsa, halkyň arasynda propagandistik iş geçirmek üçin örän yhlas etmeli bolar. Sebäbi halk saýlanýanlar tarapyndan aldanmak sebäpli şeýle bir derejä ýetdi welin, olar kimi saýlamaly, kimi bolsa saýlamaly däldigine-de düşünenoklar. Iň aýylganç ýerem - düşünjegem bolanoklar, düşünmek islänoklaram. Sebäbi olar saýlawlaryň netijesinde halkyň gününiň gowulanyp biljegine ynamlaryny doly ýitiren adamlara öwrüldiler. Olaryň saýlaw meselesinde aňlaryny açmak üçin örän ýiti propagandistik täsirler gerek bolar.

Her näme-de bolsa halkyň aňyna hakyky saýlawlar hakdaky düşünjäni salmaly bolar. Ýogsa, demokratiýa tarap barylýan ýolda kösençlikler az bolmaz. Demokratik ýolda halkyň goldawy, aýratyn-da saýlawlar döwründe zerurdyr.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG