Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Päkistanyň Peşewar şäherinde 20 adam heläk boldy


Päkistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşewar şäherinde bazarda bolan terroristik aktyň netijesinde bärsinden 20 adam heläk boldy.

Maşaal radiosynyň maglumatyna görä, janyndan geçeniň amala aşyran partlamasy polisiýa bölüminiň golaýynda bolupdyr.

Heläk bolanlaryň arasynda kanun goraýjy organlaryň ýolbaşçylarynyň biri bar.

Düýn Peşewarda mekdebiň golaýynda bomba partlanda bir çaga ölüp, onlarçasynyň ýaralanandygy habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG