Sepleriň elýeterliligi

Yrakda “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli iki ýolbaşçysy öldürildi


Yrakda terroristik gurama bolan “Al-Kaýydanyň” ýokary derejeli iki ýolbaşçysy öldürildi.

Yragyň premýer-minitsri Nury al-Malikiniň hem ABŞ-nyň komandowaniýesiniň maglumatyna görä, “Al-Kaýdanyň” Yrakdaky lideri Abu Aýub al-Masri we sünni söweşijilerine baştutanlyk eden Abu Omar al-Bagdady bilelikde geçirilen operasiýada öldürilipdir.

Yrakdaky amerikan goşunlarynyň serkerdesi general Reý Odierno “Häzirki operasiýanyň netijesini ýurtdaky “Al-Kaýda urlan iň güýçli zarba atlandyrmak bolar” diýdi.
XS
SM
MD
LG