Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklaryny goraýjylar Staliniň suratlaryna garşy


Orsýetli adam hukuklaryny goraýjylar Moskwanyň köçelerinde Staliniň suratlarynyň peýda bolmagyna garşy ýene-de çykyş etdiler.

“Staliniň suratlarynyň asylyp goýulmagyny ony şöhratlandyrmakdan, terrory aklamakdan başgaça düşündirmek mümkin däl” diýlip, düýn ýaýradylan beýannamada nygtalýar.

Beýannama gol çekenleriň arasynda Moskwadaky Helsinki topary, “Memorial” jemgyýeti, “Adam hukuklary ugrundaky” hereket, Andreý Saharow adyndaky jemgyýetçilik merkezi bar.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň, şeýle-de “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň ýolbaşçylarynyň protestine garamazdan, şäher häkimiýetleriniň kararyna laýyklykda ýeňiş baýramyna gabatlap, Moskwanyň köçelerinde Staliniň suraty ýerleşdirilen 10 plakat peýda bolmaly.
XS
SM
MD
LG