Sepleriň elýeterliligi

ÝB-e agza ýurtlaryň transport ministrleri maslahat geçirdi


ÝB-e agza ýurtlaryň transport ministrleri düýnki geçiren maslahatynda Ýewropanyň territoriýasynda ýolagçy uçarlarynyň uçuşyny kem-kemden dikeltmek barada ylalaşyga geldiler.

Uçuşlar Islandiýada wulkanyň atylmagy sebäpli ýatyrylypdy.

ÝB-niň transport edarasynyň baştutany Siým Kallas hedäniň sişenbe gününden reýsleriň sanynyň artjakdygyny aýtdy.

Ministrleriň makullan planyna laýyklykda Ýewropanyň howa giňişligi Islandiýadaky wulkanyň külüniň ýaýraýyş derejdesine görä üç zolaga bölüner. Her zolak üçin uçuşyň aýratyn düzgünleri işlenip düzülýär.
XS
SM
MD
LG