Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Satellit edinmek plany gowy hem ýaramaz


Türkmen ýolbaşçylarynyň aragatnaşyk üçin satellit edinmek plany adatdan daşary gowy zat, şol bir wagtda-da örän ýaramaz zat.

Şol inisiatiwanyň özi aslyýetinde gürrüňsiz gowy, pozitiw, çünki, G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, öz satellitiň ýa emeli hemraň bolsa, ýurtda aragatnaşyk ulgamynyň, internetiň gaty çalt ösmegine güýçli itergi bolar, umumymilli programmalaryň ençemesini amala aşyrmaga ýardam eder.

Ykdysadyýeti, kompýuter tehnologiýasyny, bilimi ösdürmek üçin satellitiň Türkmenistanda möhümdigi barasynda kim jedel edip biler?

Ýöne başga bir ýagdaý bar: döwletiň kontrollygy astynda boljak şol satellit ýa emeli hemra howply bir roly-da ýerine ýetirip biler. Ol yzarlamalar hem gözegçilik işlerinde ýene bir goşmaça güýçli ýarag bolup, hyzmat edip biler.

Türkmen propagandasy informasiýa ugruna häkimiýetiň aýratyn üns berýändigini gizlejegem bolmaýar. Informasiýa döwletiň durmuşda iň köp hem güýçli kontrollyk edýän ugurlarynyň biri.

Sowet zamanynda-da, Nyýazow döwründe-de informasiýa hiç hili erkinlik berilmedi. Onuň üstünden diňe bir ideologik gurluşlar däl, Döwlet howpsuzlyk gulluklary hem ýiti gözegçilik alyp bardylar.

Gazaply düzgünler saklanýar

“Halkara demokratik standartlary esasynda täze düzgünler ornaşdyrylýar” - diýip, häkimiýetleriň tassyklamasyna garamazdan, şol köne, gazaply düzgünler häzirem saklanýar. Şol standartlar, has dogrusy, häkimiýetleriň öz peýdasyna, öz bähbidine özgerdýän standartlary Gyrgyzystandaky soňky wakalaryň fonunda özüni görkezdi. Türkmen jemgyýeti gyrgyz wakalary barasynda nähili habar aldy?

Ideologik organlar prezident Bakyýewi ýurtdan çykyp gaçmaga mejbur eden Bişkek gozgalaňy barasynda türkmenler hiç zat bilmesin diýen karara geldiler. Türkmen ýolbaşçylarynyň nukdaýnazaryndan gyrgyz wakalary, gyrgyz jemgyýetindäki sarsgynlar türkmen jemgyýeti üçin düýbünden peýdasyz.

Eger häkimiýetleriň şunuň ýaly informasiýa çemeleşişinden çen tutulsa, täze satellit sistemasynyň nähili rol oýnajakdygyny çaklamak kyn däl. Türkmen režimi emeli hemra edinse, şondan soň telefon setini we interneti goşmak bilen ýurtdaky tutuş aragatnaşyk sistemasy we informasiýa akymy topbagy bilen döwletiň kontrollygynda bolar.

Ýokary hilli aragatnaşyk we internet hyzmatlary awtomatik usulda döwlet tarapyndan ýaňky agzalanlara gözegçiligiň hilini-de güýçlendirýär. Bu işi ýurtdaky iň güýçli edaralaryň biri – Döwlet howpsuzlyk gullugy düzgünleşdirýär, kontrolda saklaýar.

Diýmek, täze kosmiki enjam onsuzam berk gözegçilik düzgünli ýurtda yzarlamagyň, göz astynda saklamagyň usullaryny hem mümkinçiliklerini artdyrar, diňe ýerden däl, kosmosdanam ýurduň her bir graždanynyň üstünden agalygy güýçlendirer.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG