Sepleriň elýeterliligi

Ýewropada uçarlar uçup başlady


Islandiýada geçen hepde atylan wulkan sebäpli uçar gatnawlaryny ýatyran howa ýollary kompaniýalaryndan käbirleri şu gün Ýewropanyň demirgazyk regionlarynda öz uçarlaryny uçuryp başladylar.

Ýewropanyň awiasiýasyna gözegçilik ediji agentligiň resmileri şu gün ozalky planlar boýunça uçmaly uçarlardan ýarsyna golaýynyň, ýagny, 14 müňe golaý uçaryň uçmagyna garaşylýandygyny mälim etdiler.

Ýöne muňa garamazdan, Ýewropanyň demirgazyk ýurtlaryndan köpüsinde, şol sanda Britaniýada hem uçarlaryň uçuş sany örän çäklendirilen bolmagynda galýar.

Dünýä meteorologiýa guramasy şu hepdäniň ahyrynda howanyň üýtgemegi netijesinde asmandaky häzirki wulkan tozanynyň Demirgazyk Arktika tarap gitmegi mumkin diýlip garaşylýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG