Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan ABŞ-dan nägile


Şu gün Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi geljek aýda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen bilelikde geçirilmegi planlaşdyrylan harby türgenleşigiň yza süýşürilendigini mälim etdi. Goranmak ministrligi munuň anyk sebäbi barada hiç hili maglumat ýaýratmady.

Ýöne ýakynda Azerbaýjanyň käbir ýokary derejeli resmileri Birleşen Ştatlaryň Daglyk-Garabag konflikti boýunça eýeleýän häzirki pozisiýasyndan özleriniň nägilediklerini mälim edipdiler.

Geçen hepde Azerbaýjanyň prezidentiniň komekçisi hem Birleşen Ştatlaryň araçyllyk rolunda tarapgoý hereket edýändigini aýdyp, çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG