Sepleriň elýeterliligi

Bakyýew Belarusyň paýtagty Minskä bardy


Şu gün Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň we onuň maşgalasynyň Belarusyň paýtagty Minskä barandygyny aýtdy.

Belarusyň telewideniýesinde ýurduň parlamentine eden ýyllyk ýüzlenmesinde prezident Lukaşenko Kurmanbek Bakyýewiň Minsk şäherinde öz saglyk ýagdaýyna seretdirýändigini mälim etdi.

Bu wakanyň fonunda bolsa, düýn Gyrgyzystanyň günortasyndaky Jalalabat şäherinde Bakyýewiň tarapdarlary Jalalabat oblast administrasiýasynyň binasyny kontrollyga alyp, oblastyň gubernatorynyň wezipesine öz adamyny bellediler.

Bişkek şäheriniň eteginde bolsa azyndan 3 adamyň ölümine getiren düýnki bulagaýçylyklaryň yzy bilen, şu gün Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti düzgün-tertibi ýola goýmaga çalyşýar.
XS
SM
MD
LG