Sepleriň elýeterliligi

Prezidente berlen at sýyasy paramy?


Türk resmileri türkmen prezidentine “Ýylyň döwlet adamy” diýen ady berýärler

Türk resmileri türkmen prezidentine “Ýylyň döwlet adamy” diýen ady berýärler

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gowy gatnaşyklaryň dowam etmeginde beýleki ugurlar bilen bir hatarda türk biznesmenleriniň Türkmenistanda alyp barýan biznes işleriniň hem uly rolunyň bardygy bellenilýär. Ýöne bu roluň sorag döredýän taraplary hem ýok däl.

Türkmenistana iň köp önüm eksport edýän ýurtlaryň arasynda Türkiýe üçünji orunda durýar. Türkiýeden import edilýän önümler Türkmenistanyň jemi importynyň 14 %-ne deň.

Türk biznesmenleri iki ýurduň aragatnaşygynyň ösmeginde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn rolunyň bardygyny aýdýarlar. Şonuň üçin Berdimuhamedow “Türk senagatçylar we biznesmenler fondunyň” “Ýylyň döwlet adamy” diýen hormatly adyna mynasyp boldy.

“Ýylyň döwlet adamy”

Türk "Senagatçylar we biznesmenler fondunyň" ýolbaşçysy Weli Sarytoprak Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu barada şeýle maglumat berdi: “Jenap prezidentimiziň ata Watanymyzyň galkynyşyna, ylymda, bilimde we ösen tehnologiýada Türkmenistanyň örän tiz ilerlemegine goşan goşandy diňe bir Türkiýe-de däl-de, bütin dünýäde gowy garşy alyndy”.

“Türkmenistanda gysga wagtda ulanylmaga berlen döwrebap binalar, mekdepler, aeroportlar, elektrostansiýalar, ýollar we köprüler – bularyň ählisi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen guruldy. Şu sebäplere görä, hormatly prezidente bu ady berdik” diýip, Weli Sarytoprak sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleriniň maglumatyna görä, bu at Berdimuhamedowa ýaňy-ýakynda Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Zafer Çaglaýanyň Türkmenistana saparynyň dowamynda gowşuryldy.

Türkmenistan üçin abraýmy?

Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi we daşary ýurtlarda hereket edýän oppozision “Respublikan” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň aýtmagyna görä, türkmen ýolbaşçysyna bu adyň berilmegine ýurda goýlan hormat hökmünde baha berip bolar.

“Berdimuhamedowa olaryň berýan sylagy düşnükli, oňa Türkmenistan üçin uly abraý diýsek hem ýalňyş bolmaz. Emma türk biznesmenleriniň nukdaýnazaryndan aýdylanda, olara uly proýektler berilýär. Gowy gazanar ýaly şertler döredilýär. Bu, elbetde, şonuň üçin edilýän hormat, edilýän sylag” diýip, N.Hanamow belledi.

Bu baýragyň G.Berdimuhamedowa Türkmenistanda iş alyp barýan türk biznesmenlerini öz içine alýan belli bir topar tarapyndan berilmegi sylagyň näme maksat bilen berlendigi barada dürli soraglary döredýär.

“Sýyasy paramy” ya-da...

Düýbi Ankarada ýerleşýän halkara strategiki barlaglar guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Turgut Demirtepe Berdimuhamedowa berlen ada “syýasy para” diýip baha berýär.

“Awtoritar düzgün esasynda dolandyrylýan ýurtlarda biznes etmek üçin işewür toparlar ýurt ýolbaşçylary bilen gowy aragatnaşyk saklamaga mejbur. Şonuň üçin şol ýurtlaryň liderlerine sylag bermek ýaly usullardan hem peýdalanýarlar. Şunlukda Berdimuhamedowa berlen bu ada sýyasy para hökmünde hem baha berip bolar” diýip, Turgut Demirtepe belledi.

Ol sözüni dowam etdirip, Türkmenistanyň köppartiýalylyk düzgüni esasynda dolandyrylýan bir ýurt däldigini, şol sebäpden döwlet baştutanynyň ýurtda bolup geçýän islendik wakada uly rolunyň bardygyny belledi.

Türkmenistanda iş alyp barýan şirketler barada aýdylanda, türk firmalarynyň sany beýleki ýurtlaryň şirketlerinden köp bolup, olar esasanam gurluşyk we oba-hojalyk ýaly pudaklarda iş alyp barýarlar.

Düýbi Türkiýede ýerleşýän “Zaman” gazetiniň 16-njy aprelde çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň gurluşyk sektory “türk biznesmenleriniň elindedir”. Esasanam Hazaryň kenarynda gurulýan “Awaza” turizm zonasynda täze binalaryň we myhmanhanalaryň uly bir bölegi türk şirketleri tarapyndan gurulýar.

Biznesmenleriň “kontrakt syýasaty”

Oppozision “Respublikan” partiýanyň ýolbaşçysy N.Hanamowyň aýtmagyna görä, şol kontraktlaryň köpüsiniň türk şirketlerine berilmegi totänleýin zat däldir.

“Näme üçindir beýleki ýurtlar (Berdimuhamedowa) şeýle hormatly atlary berenoklar. Ýewropaly ýurtlary alyp görsek, olar diňe öz bähbidi üçin kowalaşanoklar. Umumy döwletiň ýagdaýyna-da seredýärler. Olar döwlet ýolbaşçysynyň nähili režimde döwleti dolandyrýandygyna-da seredýärler” diýip, N.Hanamow belledi.

“Türk senagatçylar we biznesmenler fondunyň” ýolbaşçysy Weli Sarytoprak bolsa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu adyň diňe Berdimuhamedowyň ýurduň içinde amala aşyran üstünlikleri üçin berlenligini öňe sürdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkiýäniň “Senagatçylar we biznesmenler fondy” ýurduň demokratik we planly düzgüne görä galkynmagyna goşant goşmak we ykdysadyýetini güýçlendirmek üçin Türkiýäniň biznesmenlerini herekete getirmegiň, olar üçin amatly şertleri döretmegiň aladasyny edýänligini hem aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG