Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uçuş üçin Ýewropanyň howa giňişligi açylýar


Halkara graždan awiasiýasy guramasynyň prezidenti Roberto Kobe Gonsales Ýewropanyň howa giňişliginiň indi uçuşlar üçin açylyp başlandygyny aýtdy.

Düýn Ýewropada iň uly aeroportlaryň biri bolan Londonyň Hitrou aeroportyna alty günlük arakesmeden soň ilkinji ýolagçy uçary baryp gondy.

Ýene ABŞ-dan, Aziýa, Afrika ýurtlaryndan 24 reýsiň kabul ediljegine «Britiş Airways» kompaniýasy ynam bildirdi.

Islandiýadaky wulkan sebapli ýapylan Ýewropanyň aeroportlary düýnden ýuwaş-ýuwaş açylyp ugrady. Ýöne ol häzirlikçe emele gelen kynçylyklaryň doly çözülendigini aňlatmaýar.

Mundanam başga, alymlar wulkan külüniň täze tapgyrynyň howa giňişligine göterilmeginden ätiýaç edýarler.
XS
SM
MD
LG