Sepleriň elýeterliligi

Yrakda «Al-Kaýdanyň» ýene bir lideri öldürildi


Düýn Yrakda milli hem amerikan güýçleriniň bilelikde geçiren operasiýasynyň gidişinde «Al-Kaýda» terror toparynyň ýene bir ýokary derejeli lideri Ahmed-al-Obeýdi öldürildi.

Yragyň harby komandowaniýesiniň maglumatyna görä, Ahmed-al-Obeýdi ýurduň Kirkuk, Sala-Ýeddin we Ninewa welaýatlarynda ýaragly söweşijileriň hereketlerini sazlaýjy diýlip hasaplanylýar.

Hepdäniň duşenbe güni bolsa Yrakdaky ekstremistleriň başga-da iki lideriniň, ýagny, Abu Eýýub al-Masri bilen Abu Omar al-Bagdadynyň öldürilendigi hem habar berlipdi.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri bu amala aşyrylan operasiýalaryň Yrakdaky «Al-Kaýda» üçin uly zarba bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG