Sepleriň elýeterliligi

Wagtlaýyn hökümet Bakyýewiň yzyna berilmegini talap eder


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Bişkekde 6-8-nji aprel günleri bolan çaknyşyklarda 80-den gowrak adamyň ölümi bilen bagly wakalary derňemekçi.

Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watç guramasynyň aýtmagyna görä, bu wakada howpsuzlyk güýçlerindenem, demonstrasiýaçylardanam günäkärler bar.

«Geçiriljek derňewleriň netijeleri esasynda täze häkimiýetler öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň yzyna berilmegini Belarusdan talap eder» diýip, wagtlaýyn hökümetiň agzasy Edil Baýsalow «Interfaks» agentligine aýtdy.
XS
SM
MD
LG