Sepleriň elýeterliligi

Bakyýew Minskde beýanat etdi


Gyrgyzistanyň prezidenti hökmündäki wezipesinden çetleşdirilen prezident Kurmanbek Bakyýew şu gün eden çykyşynda özüniň henizem bu ýurduň kanuny ýolbaşçysydygyny aýtdy.

Ol aýratynam dünýä liderlerine ýüzlenip, olary Gyrgyzistanyň wagtlaýyn hökümetini ykrar etmezlige çagyrdy. Bakyýew 7-njy aprelde bolan wakada özüni häkimiýetden agdaran adamlary «aldawçylar topary» diýip häsiýetlendirdi. Ol bu pikirini şu gün Minskde öňe sürdi.

Gyrgyzystanyň häzirki wagtlaýyn hökümetiniň resmileri bolsa, Bakyewyň ýurdy terk etmezinden ozal prezidentlik wezipesinden çekilýänligi barada resmi beýanata gol goýanlygyny adýarlar.

Ýakynda Gazagystana baran baran Kurmanbek Bakyýew soňra Belarusyň paýtagty Minska barypdy.

Gyrgyzistanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylary Bakyýewyň Jalalabat şäherindäki tarapdarlarynyň ençemesiniň, şol sanda, özüni Jalalabat oblastynyň häkimi diýip yglan eden Faizylla Rahmanowyň hem tussag edilenligini şu gün mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG