Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakyýew özüni henizem prezident hasaplaýar


Gyrgyzystandan çykyp gideli bäri ilkinji gezek beýanat bilen çykyş eden Kurmanbek Bakyýew şu gün özüniň Gyrgyzystanyň prezidenti bolmagyny dowam etdirýändigini aýdyp, wagtlaýyn hökümeti ykrar etmeýändigini nygtady. Şol bir wagtda-da Gyrgyzystanyň wagtlaýyn häkimiýetleri ýurtda tertip-düzgüni dikeltmek ugrunda elden gelen tagallalary edýärler.

Şu gün Minskide eden çykyşynda Kurmanbek Bakyýew özüniň wezipesinden çekilendigi baradaky habary tassyklamaýandygyny aýtdy.

“Men wezipämden çekilendigimi boýun almaýaryn. Onuň sebäplerini soňra düşündirerin. Dokuz aý mundan ozal gyrgyz halky meni prezident saýlady, men halka gulluk ederin diýip, ant içdim. Meni öz kasamymy ýerine ýetirmekden saklap biljek güýç ýokdur. Diňe ölüm meni togtadyp biler” diýip, Gyrgyzystanyň öňki prezidenti belledi.

Şeýle hem Bakyýew bu çykyşynda halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, wagtlaýyn hökümeti ykrar etmezlige çagyrdy. Ol geçiş hökümetini “talaňçylar hem garakçylar” diýip atlandyrdy.

Bakyýew jogapkärçilik çekmäge taýýardygyny aýdýar

Minskide eden bu çykyşynda Kurmanbek Bakyýew öz halkynyň başdan geçirýän bebagtçylygy üçin prezident hökmünde jogapkärçilik çekmäge taýýardygyny belläp, şol bir wagtda-da “garakçylara” boýun bolup, öz halkyny bu betbagtçylykda taşlap bilmejekdigini aýtdy.

7-nji aprelde 85 adamyň ölümine sebäp bolan bidüzgünçilikleriň netijesinde hökümet agdarylyşygy amala aşyrylyp, Bakyýew Bişkegi terk etmäge mejbur edilipdi. Gyrgyzystanda bolsa, wagtlaýyn hökümet döredildi.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň araçyllyk etmeginde 15-nji aprelde Gyrgyzystandan Gazagystana gaçyp atdy. Wagtlaýyn hökümet soňra onuň prezidentlik wezipesinden çekilendigini habar berdi. Şu hepdäniň başynda bolsa, Belarusyň prezidentiniň çakylygy boýunça Bakyýew Minskä bardy.

Roza Otunbaýewa Belarusy ýazgarýar

20-nji aprelde Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetine ýolbaşçylyk edýän Roza Otunbaýewa Bakyýewe başpena berendigi üçin Belarusyň häkimiýetlerini ýazgaryp çykyş etdi. Ol jenaýatçynyň ýurda gaýtarylmalydygyny aýdyp, şeýle edilmedik halatynda Interpola ýüzlenjekdiklerini bildirdi.

ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edýän Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew 20-nji aprelde Bişkege eden saparynyň barşynda Bakyýewiň Gyrgyzystany terk etmeginiň ýurtdaky ýagdaýyň kadalaşmagyna ýardam etjekdigini belledi: “Bakyýewiň ýurtdan çykyp gitmegini üpjün edip, Gyrgyzystanda ikihäkimiýetliligiň bolmagynyň soňuna çykyldy. Bu bolsa öz nobatynda dartgynlylygy köşeşdirip, wagytlaýyn häkimiýete öz yglan eden programmalaryny amala aşyryp başlamaga mümkinçilik döreder”.

Şol bir wagtda-da, ýurduň günortasyndaky Jalalabat şäherinde dartgynly ýagdaýlar dowam edýär. Şu gün şäheriň merkezi meýdançasyna ýygnanan Bakyýewiň hem wagtlaýyn hökümetiň tarapdarlarynyň arasynda çaknyşyklar bolup geçdi.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň bu regiondaky habarçysynyň beren maglumatlarynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan howa ok atylandan soň, dartgynlylygyň biraz köşeşendigi aýdylýar.

Bakyýewiň tarapdarlaryna protest çäreleri gadagan edildi

Jalalabat şäherinde ýygnanyşanlaryň öňünde geçiş hökümeti tarapyndan bellenilen ýerli häkim Bektur Asanow çykyş edip, adamlary tertip-düzgüni saklamaga, hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Ol şu çaka çenli özleriniň Bakyýewiň tarapdarlaryna ýygnanyşmaga rugsat berendiklerini, emma indiden beýläk Bakyýewiň tarapdarlaryna protest çärelerini geçirmäge rugsat berilmejekdigini aýtdy.

20-nji aprelde giçlik eden çykyşynda wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa talaňçylara hem ýaraglanan hüjümçilere garşy berk çäreleriň görüljekdigini duýdurypdy. Hanym Otunbaýewa Gyrgyzystanyň halkyny asudalygy saklap, halky asudalygy bozmaga synanyşýan öjükdirijilere hem-de jynsparazlyk dawalaryny tutaşdyrmaga synanyşýanlara garşy göreşmäge çagyrdy.

Iki gün mundan ozal Bakyýewiň tarapdarlary Jalalabadyň welaýat häkimligine güýç bilen girip, häkimiň ornuna öz wekillerini bellediler. Hepdäniň duşenbe güni Bişkek şäheriniň eteginde azyndan bäş adamyň ölümine getiren bulagaýçylyklardan soň, rus häkimiýetleri Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky öz harby bazalarynyň harbylaryna etniki ruslary goramagy buýruk berdiler.

20-nji aprelde geçirilen metbugat konferensiýasynda Dmitriý Medwedew Gyrgyzystanyň baş-başdaklygy, ýagny anarhiýany başdan geçirýändigini aýdyp, bu ýurtdaky ýagadaýyň bütin regiona täsirini ýetirip biljekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG