Sepleriň elýeterliligi

BMG uçarlar barada täze standartlary ulanmakçy


Birleşen Milletler Guramasynyň awiasiýanyň howpsuzlygyna jogapkär agentligi bolan “Graždan awiasiýasynyň halkara guramasy” uçarlaryň uçuşlarynyň howpsuzlyk ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky tagallalara ýolbaşçylyk etjekdigini aýdýar.

Şeýle zerurlyga öten hepde Islandiýadaky wulkandan çykan kül gatyşykly tüsse netijesinde Ýewropada uçar meýdanlarynyň we howa giňişlikleriniň ýapylmagy bilen bagly çekilen zyýanlar sebäp boldy.

«Graždan awiasiýasynyň halkara guramasynyň» baş sekretary Raýmond Benjamin bu agentligiň howa ýollary guramalaryny, uçar öndürýän kärhanalary, hökümetleri we ekspertler toparlaryny bu ugurdaky standartlary gowulandyrmak barada teklipleri hödürlemäge çagyrjakdygyny aýtdy.

«Biz senagat kärhanlaryny, halkara howa transport bileleşiklerini, hökümetleri we alymlar toparlaryny öňden belli standartlary gowulandyrmagyň üstünde işlemäge çagyrmakçy» diýip, Raýmond Benjamin belledi.

Häkimiýetler çakdanaşa reaksiýa görkezdiler

Soňky günlerde käbir Günbatar ýurtlaryň häkimiýetleri Islandiýada atylan wulkana çakdanaşa howatyrlanyjy reaksiýa görkezenlikde ýiti tankytlandylar.

«Graždan awiasiýasynyň halkara guramasynyň» aýtmagyna görä, heniz dünýä praktikasynda wulkan külüniň uçarlaryň motoryna zyýan ýetirmegi bilen baglanyşykly ornadylan standartlar ýok. Howa saparlarynyň howpsuzlygyna jogapkär resmileriň we guramalaryň aljyraňlylyga düşüp, howa giňişliklerini ýapmaklaryna hem hut şu maglumat elýetersizligi sebäp boldy. Dörän häzirki bulam-bujarlyk hut şonuň netijesi.

Käbir adamlar häzirki ýagdaýy tankytlap, beýle çäklendirmelere zerurlygyň ýokdugyny aýdýärlar.

Ýewropada howa giňişlikleriniň ýapylmagy tutuş dünýäde bulaşyklyga getirip, çak edilişine görä, günde 250 million dollar töweregi zyýan çekildi.

«Halkara howa transoprt birleşigi» nägilelik bildirýär

«Halkara howa transoprt birleşigi» beýle kararlaryň teoriýa däl-de, faktlar esasynda çykarylmalydygyny aýdyp, bu meselede Ýewropanyň hökümetlerini ýiti tankytlady.

Birleşigiň başlygy Jowanni Bisignani Ýewropanyň hökümetleriniň howa giňişliklerini ýapanlarynda çekiljek zyýan barada oýlanmadyklaryny aýdýar.

«Graždan awiasiýasynyň halkara guramasynyň» baş sekretary Benjaminiň aýtmagyna görä bolsa, hökümetleriň howa gatnawlaryna beýle çäklendirme girizmeklerine getiren problema jogapkärçilik bilen baglanyşykly problemadyr.

“Siz uçarlar üçin motor öndürýän kärhanalara baryp ‘siziň motorlaryňyz näçeräk küle çydaýar?’ diýip sorasaňyz, olar size jogap berip bilmez. Sebäbi bu ugurda anyk jogapkärçilik ýok. Ine, görşüňiz ýaly, ähli zat iň soňunda jogapkärçilige baryp direýär. Meniň howp bar bolsa, hiç kim uçmaz diýýänimiň sebäbi-de şol” diýip, Benjamin aýdýar.

Bu mesele boýunça täze standartlaryň düzülip taýýarlanylmagy üçin häzirki wagt «Graždan awiasiýasiýasynyň halkara guramasy» tarapyndan bellenilen anyk möhlet ýok. Ýöne ol taýýarlanaýanda-da, bu standartlary hemmeleriň ýerine ýetirmegi hökman bolmaz.
XS
SM
MD
LG