Sepleriň elýeterliligi

Putin hökümetiň ýyllyk hasabatyny berdi


Orsýetiň Döwlet Dumasynda eden çykyşynda premýer-ministr Wladimir Putin öz ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Bu hasabatda geljekki planlar barada uly-uly sanlar agzaldy.

20-nji aprelde Orsýet parlamentiniň aşaky öýi bolan Döwlet Dumasynda eden bu çykyşynda premýer-ministr Wladimir Putin Orsýetiň ykdysadyýetini aýaga galdyrmagy we reformalary geçirmegi wada berdi.

Hökümetiň geçen ýylyň dowamynda amala aşyrylan çärelere beren synynda Putin Orsýetiň global maliýe krizisiniň ýetiren täsirinden saplanýandygyny belläp, ýurduň ýangyç-energiýa pudagyna uly agramyň düşenligini aýtdy.

Putin: Ösüş çak edilişinden ýokary bolup biler

Putin Orsýeti 1998-nji ýylyň maliýe krizisine meňzeş dagynyklykdan halas etmekde hökümetiň üstünlikli işänligini belläp, 2010-njy ýylda Orsýetiň ykdysady ösüşiniň 3,1 % töweregi boljakdygy baradaky resmi çaklamalardan hem ýokary bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Emma ol krizisiň entek tamamlanmanlygyny hem duýdurdy.

Wladimir Putiniň pikirine görä, ýurduň Halkara walýuta fondundan karz soramazlygy üçin döwlet öz pullaryny sarp etmekde maliýe-ykdysady syýasatyna has jogapkärçilikli amala aşyrmaly. W.Putiniň sözlerine görä, hökümet 2012-nji ýyla çenli ýurduň býujet defisitini iki esse azaltmakçy. Şeýle-de ýurtda telekeçilige bar bolan çäklendirmeleri hem azaltmak göz öňünde tutulýar.

Putin şu günki gün Orsýetde telekeçilik üçin bar bolan azatlyklaryň çäklidigini hem belläp geçdi. Şol bir wagtda-da, planlaşdyrylyşy ýaly, Orsýet geljek ýyldan başlap sosial üpjünçilik salgydyny 2 % galdyrmakçy. Putiniň sözlerine görä, ýurduň dargap barýan saglygy saklaýyş pudagyny dikeltmek üçin goşmaça pul sarp ediler.

Saglygy saklaýyş üçin 10 milliard dollar

Orsýetiň premýer-ministri milli proýektleriň çäginde edilen işlere garamazdan, şu günki gün ýurduň medisina edaralarynyň 30 %-den gowragynyň ýaramaz ýagdaýdadygyny boýun aldy. Putiniň sözlerine görä, geljekki iki ýylyň dowamynda Orsýetiň keselhanalaryny kebşirlemek we dikeltmek maksatlaryna azyndan 10 milliard dollar toweregi pul goýberiler.

Orsýetde 2014-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklar meselesine hem hökümet baştutany tarapyndan üns berildi. Putiniň sözlerine görä, Soçide gurulýan Olimpiýa obýektleriniň gurluşygyna häzirki wagtda 27 000-e golaý adam gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG