Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wulkan aviasiýa pudagyna 1.7 milliard dollar zyýan ýetirdi


“Halkara howa gatnawý bileleşigi” Islandiýada wulkanyň atylmagy zerärli Ýewropanyň howa gatnaw pudagyna ýeten zyýanyň 1.7 milliard dollara barabar bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Bu guramanyň ýolbaşçysy Giowanni Bisignanyň aýtmagyna görä, wulkanyň bu pudaga ýetiren maliýe ýitgisiniň möçberi 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-de bolan terroristik hüjümde uçarlaryň togtadylmagy bilen baglanyşykly çekilen ýitgilerden hem uly boldy.

Sişenbe güni giçlik Britaniýanyň öz howa giňişligini açýanlygyny yglan etmeginiň yzy bilen, Ýewropa ýurtlarynyň howa giňişliginiň aglabasy hem şu gün gaýtadan açyldy.
XS
SM
MD
LG