Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Olimpiýa Komitetinin ozalky prezidenti aradan çykdy


Düýn Halkara Olimpiýa Komitetiniň ozalky prezidenti Huan Antonio Samaranç Ispaniýada 90 ýaşynda aradan çykdy.

Ispaniýanyň ozalky diplomaty Huan Antonio Samaranç 1980-2001-nji ýyllar aralygynda Halkara Olimpiýa Komitetine baştutanlyk edipdi.

Onuň bu wezipede işlän ýyllary olimpiýa oýunlarynyň dünýäde iň bir meşhurlyga eýe bolan döwürlerinden biri hasaplanylýar. Ýöne käbir synçylar Huan Antonio Samarançy olimpiada hereketini aşa telekeçilik bilen baglanyşdyrmakda hem aýyplapdylar.
XS
SM
MD
LG