Sepleriň elýeterliligi

Tallinde NATO maslahat geçirýär


Şu gün Estoniýanyň paýtagtynda NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar.

Tallin duşuşygynyň gün tertibinde iň esasy meseleleriň biri NATO-nyň Owganystandaky hereketleriniň strategiýasy bolar. Hususan-da onda ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin jogapkärçiligi NATO güýçleriniň ýuwaş-ýuwaşdan owgan armiýasyna we polisiýasyna tabşyrmagy üçin olara çaltlandyrylan tertipde tälim bermek çäreleri barasynda gurruň ediler.

Mundan daşary, bu maslahatda NATO agza bolmak isleýän Bosnýa bilen Gersegowinanyň agzalyk baradaky hereket planlaryna hem garalmagy mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG