Sepleriň elýeterliligi

Şu gün tutuş Ýewropada uçuş üçin howa giňişlikleri açylar


Şu gün Finlýandiýanyň we Şotlandiýanyň käbir ýerlerinden başga tutuş Ýewropada uçuş üçin howa giňişlikleri açylar diýlip garaşylýar.

Düýn plan boýunça uçuşlaryň 80% töweregi amala aşyryldy.

Geçen hepde Islandiýada atylan wulkanyň asmana ýaýradan külüdir tozany sebäpli Ýewropanyň köp ýurtlarynda uçarlaryň uçuşlary ýatyrylypdy.

Awiakompaniýalaryň mundan çeken zyýany 1 milliard 700 million dollar töweregi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG