Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda saýlawlaryň geçiriljek möhleti yglan edildi


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti täze konstitusiýa boýunça referendumyň we parlament saýlawlarynyň geçiriljek möhletini yglan etdi.

Ýurduň häzirki ýerine ýetiriji wise-premýeri Ömürbek Tekebaýew öten agşam bu barada eden beýanatynda konstitusiýa boýunça referendumyň 27-nji iýunda, parlamente saýlawlaryň bolsa 10-njy oktýabrda geçiriljekdigini aýtdy.

Ýakynda ýurduň wagtlaýyn hökümeti täze konstitusiýanyň Gyrgyzystany Parlament respublikasyna öwürmegi göz önünde tutjakdygyny mälim edipdi.

Düýn ýurduň günortasyndaky Jalalabat şäherinde bidüzgünçilikler bolup, oňa Bakyýewiň tarapdarlaryndan ýüzlerçe adam gatnaşdy. Olardan ençeme adamyň, şol sanda, özüni Jalalabadyň gubernatory diýip yglan eden Faýzulla Rahmanowyň hem tussag edilendigini Gyrgyzystanyň täze hökümeti habar berdi.
XS
SM
MD
LG