Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukraina bilen täzeden dil tapyşýar


Orsýet Ukraina satýan gazynyň bahasyny ep-esli arzanlatmaga razy bolansoň, Ukraina hem Krymdaky rus harby floty boýunça Moskwa bilen ylalaşygyň möhletini uzaltjakdygyny yglan etdi. Eýsem, bu iki ýurduň özara ýakynlaşmasynyň alamatymy?

Bu harby baza boýunça ozalky gol goýlan kontraktyň möhleti 2017-nji ýylda tamamlanýar. Täze ylalaşyga görä bolsa, bu baza köne kontraktyň möhleti gutarandan soň hem ýene 25 ýyl Krymda galyp bilýär.

Orsýet ylalaşygyň öwezine Ukraina satýan gazynyň bahasyny ep-esli azaltjakdygyny aýtdy. Bu ylalaşyk Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Ukainada 21-nji aprelde geçiren duşuşyklarynyň yzy bilen yglan edildi.

“Orsýet Krymda ýerleşýän harby bazasynyň ýagdaýy bilen bagly durumyň anyklanmagyny isleýärdi. Indi ýagdaýa gözümiz ýetýär. Biz Orsýetiň harby bazasynyň mundan beýlägem 25 ýyl şol ýerde galjakdygy hakdaky ylalaşyga gol goýduk” diýip, prezident Medwedew bu duşuşygyň yzy bilen eden çykyşynda aýtdy.

Gazyň bahasynda uly eglişik peýda boldy

Medwedew gaz barada gelnen ylalaşyk bilen bagly eden çykyşynda: “Gazyň 1000 kubometriniň bahasy häzirkisi ýaly 330 dollardan ýokary bolsa, biziň ukrain hyzmatdaşlarymyz bize şol nyrhdan 100 dollar az tölärler. Gazyň bahasy 330 dollardan az bolsa, onda Ukraina 30 prosent arzan bahadan gaz satylar” diýip belledi.

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bu ylalaşyga iki ýurduň aragatnaşygynda “görlüp-eşidilmedik” waka diýip, baha berdi. Bu hem iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň barha ýokarlanýandygynyň alamatydyr.

Moskwa Ukrainanyň öňki lideri Wiktor Ýuşenkonyň hökümeti bilen Orsýetiň bu harby bazasy hakda ylalaşyga gelmegi başarmandy. Ýuşenko şol bazanyň Ukrainanyň territoriýasynda galmagyna garşy çykypdy.

Ukrainanyň öňki hökümeti bilen Orsýetiň arasynda gelnen 10 ýyllyk kontrakt boýunça Kiýew rus gazynyň her 1000 kubometrine 300 dollar töweregi pul töleýärdi.

Medwedewiň häzirki sapary Wiktor Ýanukowiçiň şu ýylyň fewral aýynda Ukrainanyň prezidentligıňe saylanandan soň bu ýurda edýän ilkinji saparydyr. Emma muňa garamazdan, bu iki ýolbaşçy geçen iki aýyň dowamynda bäş gezek duşuşdylar. Medwedewiň maý aýynda ýene Ukraina sapar etmegine garaşylýar.

21-nji aprelde Ukrainanyň Harkow şäherinde bolan bu duşuşykda gol goýlan dokumentiň soňky nusgasy barada Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow bilen Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň arasynda sişenbe güni bolan duşuşykda ylalaşyga gelnipdi.

Orsýetiň harby bazasynyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky kontrakta Ukrainanyň oppozisiýa liderleri garşy çykyş etdiler. Olar bu möhletiň uzaldylmagyna ozaldan hem garşydylar.
XS
SM
MD
LG