Sepleriň elýeterliligi

Türk-ermeni gatnaşyklary Azerbaýjansyz çözülmezmi?


Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky wagtlar Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmek üçin edýän tagallalaryny artdyrdy. Daglyk Garabagyň ermeni güýçleri tarapyndan eýelenmegi netijesinde Türkiýe Ermenistan bilen serhetlerini 1993-nji ýylda baglapdy. Amerikan resmileri Türkiýäni serhedi açmaklyga birsyhly çagyryp gelýärler.

Waşington türk-ermeni gatnaşyklarynyň gowulanmagy, birinjiden, gowgaly ermeni genosidi meselesini köşeşdirer, ikinjiden hem, Daglyk Garabag konfliktiniň çözgüdine goşant goşar diýip, delil getirýär.

Ýöne biz munuň bilen ylalaşyp bilmeris. Ermenistan Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen topragynyň 20 porsente golaýyny eýeläp otyr. 20-nji asyrda genositden ejir çekenligini aýdýan Ermenistanyň bu asyrda Ýewropada iň uly etniki arassalaýyş kampaniýasyny alyp baranlygy geň zat.

Kampaniýanyň netijesi…

Bu kampaniýa netijesinde azerbaýjanlylardan müňlerçe adam ölüp, millionlarça adam öý-owzaryndan jyda düşdi. Ermenistanyň syýasy elitasynyň köpüsi Daglyk Garabag urşy arkaly öz ornuny ýokarlandyrdy. Onsoň olaryň çözgüt gözlenilip geçirilýän gepleşiklerde konstruktiw hereket etmejekdigi geň zat däl.

Azeribaýjan Daglyk Garabaga özygtyýarlylygyň iň ýokary formasyny bermegi teklip edipdi. Parahatçylyk dikeldilensoň hem regionyň abadançylygy üçin ummasyz köp maýa goýmaga taýyndygyny aýtdy. Baku konflektiň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Minsk topary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Eglişige bil baglamaga esas ýok

Ýöne Ýerewan Daglyk Garabagy näbelli wagta çenli eýeläp saklamaga bahana arap, konfliktiň çözülmän galanyny isleýäne meňzeýär. Şu jähtden garanyňda, Türkiýäniň serhediniň ýapyk durmagy Ermenistany konfliktiň çözgüdi ugrunda çyndan herekete geçmäge mejbur etmek üçin esasy gural bolup durýar. Serhetleriň açylmagy bilen Ermenistan eglişige köpräk meýil görkezer diýip ynanmaga hiç bir esas ýok.

Biz ermeni diasporasynyň gurpludygyna we onuň üçin adalatyň üstünlik gazanmagynyň hökmany däldigine düşünýäris. Goňşy ýurduň bir bölegini eýeländigine garamazdan, geçen 15 ýyllykda Günbatar tarapyndan ileri tutulan Ermenistan boldy. Azerbaýjan iş ýüzünde jezalandyryldy.

Günbatar hökümetleri we mediasy bir milliona golaý azerbaýjanlynyň çekýän ejir-azaby barada köplenç dymdylar. Bu hem tebigy suratda Azerbaýjanda halkyň Günbataryň demokratiýa we adam hukuklary baradaky gürrüňleri öz bähbitleri üçin ulanýan metody diýip pikir etmegine getirdi.

Agressiýany sylaglap, regionyň strategik taýdan iň möhüm ýurduny çetleşdirmek bilen, Günorta Kawkazda uzak möhletli parahatçylyga, özara gatnaşyklaryň kadalaşmagyna gowşup bolmaz. Türkiýäni Azerbaýjany terk etmeklige itermek bilen, Birleşen Ştatlar dünýäniň howply regionynda möhüm hem ynamdar ýaranyny özünden sowaşdyrar.

Nowruz Mammadow Azerbaýjanyň prezident administrasiýasynyň Daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG