Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan baýlaşdyrylan urany ele saldy


Şu gün Gürjüstanyň prezidenti öz ýurdunda ýokary derejede baýlaşdyrylan bikanun uran ýüküniň saklanandygyny tassyklady.

Mihail Saakaşwili «Assoşieýted-press» habar gullugyna beren interwýusynda Orsýeti bu sebitde ýadro gaçakçylarynyň işlemegine ýol açýan durnuksyzlygy döretmekde aýyplady.

Saakaşwiliniň hökümeti Gürjüstanyň separatistik regionlaryna kontrollyk etmeýär. Separatist Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlary 2008-nji ýylda bolan rus-gürji urşundan soň öz garaşsyzlyklaryny jar edipdiler.
XS
SM
MD
LG