Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda bedewlere bagyşlanan maslahat açyldy


Şu gün Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýä atçylyk sungaty» ady bilen 2-nji halkara maslahaty açyldy.

Bu konferensiýa Türkmenistanyň bedew baýramçylygyna gabatlanylyp geçirilýär.

«Türkmen atlary» birleşigi tarapyndan gurnalan forumyň işine dünýäniň 18 ýurdundan at aýlawy boýunça tanymal alymlar, atşynaslar, biologlar, taryhçylar, filologlar we medeniýet hem-de sungat işgärleri, habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow şu gün bu foruma ýörite gutlag iberdi.
XS
SM
MD
LG