Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Bakyewiň prezidentligini inkär edýär


Orsýet gyrakladylan gyrgyz lideri Kurmanbek Bakyewiň özüni henizem Gyrgyzystanyň prezidenti diýip hasaplamagy bilen ylalaşmaýandygyny aýdýar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün geçirilen metbugat konferensiýasynda Bakyewiň wezipesinden çekilýändigi barada öz eli bilen ýazan hatyny dilden aýdylan beýanat bilen inkär edip bilmejekdigini aýtdy.

Başda Gyrgyzystandan Gazagystana gaçyp baran Bakyýew häzirki wagt Belarusda ýerleşýär.

Düýn Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti prezidentiň ygtyýarlaryny azaldýan referendum geçirilenden soň, 10-njy oktýabrda parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG