Sepleriň elýeterliligi

Ermeni koalisiýasy Türkiýe bilen ylalaşyga garşy


Şu gün Ermenistanyň dolandyryjy koalisiýasy ýurduň parlamentini Türkiýe bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygy tassyklamagy togtatmaga çagyrdy.

Ermenistan bilen Türkiýe geçen ýylyň oktýabr aýynda onlarça ýyla çeken duşmançylykdan soň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we özara serhetleri açmak baradaky ylalaşyga gol çekipdiler. Bu baradaky gutarnykly ylalaşyk indi iki ýurduň parlamentleri tarapyndan tassyklanylmalydy.

Emma bu şertnamany tassyklamak prosesi Birinji jahan urşy döwründe Osman imperiýasy tarapyndan ermenileriň öldürilenligi bilen bagly dawalar sebäpli ýene iki ýurduň parlamentinde uly meselä aýlandy.

Ermeniler bu hadysanyň genosid, ýagny, “bilkastlaýyn gyrgyn” atlandyrylmagyny talap edýärler, Türkiýe bolsa muny ret edýär. Beýleki bir mesele bolsa, Türkiýäniň Daglyk-Garabag meselesinde Azerbaýjany goldamagy bolup durýar.
XS
SM
MD
LG