Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenler öz bedewlerini gadym döwürlerde-de örän sylapdyrlar, häzir, ýagny Garaşsyzlykda ýaşalýan günlerde-de syladylar. Olary hormatlap, olar üçin ýörite baýramçylyk güni bellendi. Her ýylyň aprel aýynyň iň soňky ýekşenbesi - Türkmen bedewiniň günüdir.

Türkmenler bu baýramçylygy örän dabaraly belläp geçýärler. At çapyşyk guralýar, ýakyndan-uzakdan myhmanlar çagyrylýar. Aýdymçylar bedewleriň şanyna bagyşlap aýdym aýdýarlar, şahyrlar olary taryplap, goşgular okaýarlar. Garaz, uzakly gün türkmen bedewiniň şanyna owadan-owadan sözler aýdylýar, radio-telewideniýe bedewlere bagyşlap, gepleşikler guraýarlar, gazet-žurnallar olara ýörite öz sahypalaryny bagyş edýärler. Baýramçylyk döwlet derejesinde geçirilip, oňa diňe bir zähmetkeşler däl, eýsem, döwlet ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmen bedewleri şeýle sylaga mynasyp hem. Ol örän gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň çyn dosty bolup gelen janawar. Türkmenler öz bedewine gerek bolanda agyr-agyr ýük urupdyrlar, onuň bilen uzak aralyklary geçipdirler, ýer sürüpdirler, söweşe gatnaşypdyrlar. Toýlarda gelnaljy gidipdirler, ýaryşlarda çapuwa çykypdyrlar. Türkmen bedewi eýesi özüni nähili ýumşa gönükdirse, şol ýumşy aňryýany bilen bitiripdir. Söweş wagtynda eýesi ýaralanan halaty bedew ony ýalňyz taşlap gitmändir, eger eýesi wepat bolsa, tä onuň jesedi ýygnalýança bedew onuň ýanyny saklapdyr, eýesiniň ýanyna gelenleri depipdir hem gapypdyr. Türkmenler gadym döwürlerde öz atlaryna söweş wagtynda duşmana topulmagy hem oňa agyz salmagy, ony toýnaklary bilen depmegi öwredipdirler. Türkmen atlary şeýtmegi hem başarypdyr.

Türkmenler gadym döwürlerde öz atlaryny özünden gowy görüpdir. Özi iýmäge çörek tapmasa-da, olar atlaryny şaý-sepler bilen bezäp, onuň üçin haly ýapynjalar dokapdyrlar. Günde ýuwup-ardypdyrlar, darapdyrlar. Türkmenleriň atyny nähili gowy görýändigine düşünmäge «Irden tur, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen nakyl hem kömek etse gerek. Şu nakyl türkmenleriň öz bedewlerini atasy ýaly gowy görýändigine şaýatlyk edýär. Sebäbi bedew hojalygyň gerekli maly bolupdyr: ýeriňi sürýänem şol, ýüküňi göterýänem şol, uzak ara äkidýänem şol, söweşde ýaran bolýanam şol bolupdyr. Ol toýlarda bezeg, ýaryşlarda şöhradyň bolupdyr.

Türkmen bedewlerine türkmen topragyna dürli döwürlerde syýahat eden syýahatçylar hem haýran galypdyr. Dürli ýurtlardan türkmen topragyna gelen syýahatçylaryň, şol sanda ýewropaly syýahatçylaryň ýazgylarynda hem türkmen bedewi hem onuň şöhraty hakda bellenipdir. Türkmen bedewleri üsti ýükli halda bir hepdeläp açlyga hem suwsuzlyga çydap, uzak menzilleri geçip bilipdirler.

Ine, türkmenleriň şeýle ajaýyp atlary bolupdyr. Beýle bedewler üçin näçe günläp baýramçylyk edilende-de az däldir.

At eti kän iýlenok


Tehniki progresiň ösüp, maşynlaryň, traktorlaryň döremegi bilen bedewler iş maly hökmünde aradan aýryldy. Olaryň edýän—ýük götermek, ýer sürmek ýaly işlerini maşyn-traktorlar ýerine ýetirip başlady. Türkmenleriň özleri kimin, atlary hem sowet hökümeti ýyllarynda jebir çekdiler. Ýörite gylýalçylygy ösdürmek planyna görä, olar köpeldilip, at etinden kolbasalar öndürmek sowet hökümetiniň azyk bolçulygyny döretmek planlarynyň biri bolup durýardy. Sowet magazinlerinde at etinden ýasalan kolbasalar örän kändi.

Türkmenler atyň etinem iýmeýärler, at etinden edilýän kolbasany-da, atyň süýdüni-de içmeýärler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bedewleriniň bagtyny açdy diýseňem boljak. Olary kolbasa tabşyrmak Türkmenistanda bes edildi. Ýöne dostlukly döwletlerden gelýän belent mertebeli myhmanlara döwlet derejesinde bedew sowgat bermek däbi döredi.

Döwlet aýlawynda ýazky hem güýzki möwsümde at çapyşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Baýramçylyk günlerinde bolsa çapuwlaryň sany artdyrylyp, at çapyşygynyň dabarasy has-da uludan bolýar. Şeýle dabaraly günlerde ilkinji gelen atlara goýulýan baýraklar hem saldamly bolýar. Ýurduň prezidenti uludan tutulýan toý-dabaralarda bolýan at çapyşyklarynda ýeňil awtoulagyny hem goýýar.

Ýazky hem güýzki at çapyşyklarynyň her çapuwy umuman, baýraksyz bolanok. Haly, telewizor we ş.m. baýraklar goýlup durulýar.

Çapuwlarda atyny birinji getirip, baýrak almagyň yşgyna düşýän çapyksuwarlardyr seýisleriň arasynda atlara neşe maddalaryny sanjym edýänler-de bolýar. Atlara neşe maddalary çapuwyň öňünden edilýär. Şeýle atlar bolsa, köplenç ilkinji orunlary eýelemegi başarýarlar.

Elbetde, seýisler atlaryň ählisine neşe maddalaryny ulanmaýarlar. Ýöne tirýege öwrenişdirilýän atlar az hem däl. Gynandyrýan ýeri, çapuwdan aýrylansoň, neşe maddalaryna uýgunlaşdyrylan atlar höwre goşulýar. Munuň bolsa, ahal-teke bedewleriniň nesline görnetin zelel getriýändigi öz-özünden düşnüklidir.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG