Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada iki studentden partlaýyjy maddalar tapyldy


Düýn Moskwanyň milisiýasy elde ýasalan partlaýjy maddalary alyp barýan iki studenti saklady.

Moskwanyň içeri işler bölüminiň resmisiniň sözlerine görä, saklananlardan biri Moskwanyň ýaşaýjysy. Beýleki studentiň niredendigi barada häzirlikçe maglumat alynmady.

Ýakynda Moskwada merkezi aziýaly zähmet migrantlarynyň ýaşaýan bir motel-myhmanhanasyna elde ýasalan granatyň zyňylmagy bilen baglanyşykly bolan wakanyň yzy bilen, Moskwanyň milisiýasy ekstremistik toparlara garşy çärelerini has-da güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG