Sepleriň elýeterliligi

Uruş weteranlary barada täze permanlara gol çekildi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli sylaglamak we sowgatlary gowşurmak baradaky” karara gol çekdi.

Şol karara laýyklykda Watançylyk urşunyň weteranlaryna “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 65 ýyllygyna” diýen medal gowşurylar.

Mundan daşary, weteranlara hem-de wepat bolan esgerleriň yzynda galan aýallaryna Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan 200 manat pul ( 70 dollar) hem gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Düýn prezident Berdimuhamedow 1-nji maýdan başlap uruş weteranlarynyň, uruşda wepat bolanlaryň yzynda galan maşgalalarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalaryny 20% ýokarlandyrmak baradaky permana-da gol çekdi.

Bu permana laýyklykda urşa gatnaşanlaryň iň pes pensiýasy aýda 522 manat, iň ýokarysy 696 manat bolar.
XS
SM
MD
LG