Sepleriň elýeterliligi

Halkara “Gyzyl haç” komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ywes Jowannoniniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň şu hepde Türkmenistana eden sapary barada o diýen köp maglumat ýok. Bu hakda Türkmenistanyň resmi habar çeşmelerinde peýda bolan maglumatlarda diňe onuň türkmen resmileri bilen duşuşyp, özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada pikir alşanlygy aýdylýar.

Halkara “Gyzyl haç” komiteti bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakda gürrüň edilende, ilkinji nobatda göz öňüne gelýän zat Türkmenistanyň türmeleri we tussaglaryň ýagdaýlarydyr. Sebäbi Türkmenistan bu guramanyň wekillerine we ekspertlerine öz türmeleriniň ýagdaýyna syn etmäge rugsat bermän gelýän dünýädäki az sanlyja ýurtlardan biridir.

Türkmenistan näme sebäpden halkara “Gyzyl haç” guramasynyň we komitetiniň wekillerine öz türmelerine baryp görmäge rugsat bermeýänligi barada maglumat bermeýär we türkmen ýolbaşçylarynyň bu gurama bilen geçirýän duşuşyklary barada anyk maglumat bermekden hem saklanýar.

Gyzyl haç” komiteti hem maglumat bermeýär...

Beyleki tarapdan, “Gyzyl haç” komitetiniň wekilleri bilen biziň bu meseleler barada gürleşmek üçin eden synanyşyklarymyz hem başa barmady.

“Halkara krizis toparynyň” jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň ýolbaşçysy Endru Strohlin munuň geň galarlykly ýagdaý däldigini aýdýar.

“Halkara ‘Gyzyl Haç’ komiteti öz işlerini aşa guramaçylykly we berk gizilinlikde alyp barýar. Şonuň üçin, umuman, olar beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen geçirýän gepleşikleri hakda maglumat bermeýärler, bu olaryň gizliginlik syýasatynyň bir bölegi” diýip, Endru Strohlin belledi.

Emma beýleki halkara guramalary, şol sanda, Endru Strohliniň wekilçilik edýän “Halkara krizis topary” hem Türkmenistan barada çäp edýän raportlarynda bu ýurtdaky ýagdaýlara baha berip, aýratynam, adam hukuklary bilen bagly tankydy pikirleri öňe sürýärler.

Türmelerdäki ýagdaýlar alada döredýär

Düýbi Londonda ýerleşýän Amnesty International guramasy hem şeýle toparlardan biridir. Ol 2009-njy ýyl boýunça ýaýradan hasabatynda Türkmenistanda türmeleriň ýagdaýyna aýratyn ünsi çekýär. Hasabatda aýdylşyna görä, sýyasy tussaglar henizem türmelerde saklanylýar, türmeleriň şertleri gaty agyr, Türkmenistanda adalat sistemasy aşa syýasylaşdyrylan.

Bu raportda öňe sürülýän käbir pikirler öz ýanýoldaşy türmä düşen bir zenanyň ýakynda habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýdan sözleri hem tassyklaýar. Adynyň agzalmagyny islemedik Türkmenistanyň bu raýaty bu barada şeýle diýdi: “Tussaglaryň saglyk ýagdaýlaryna seredilişi gowy däl. Türmäniň içinde her gün birnäçe adamyň ölýändigini aýdýarlar. Onsoň nädip olaryň saglyk ýagdaýlary gowy bolsun? Iýmit ýagdaýam öwerlikli däl. Naharam ýetenok, nanam ýetenok. Biz her hepde äkidýäris şoňa naharyny, nanyny”.

Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, türkmen režiminiň hut şeýle ýaramaz ýagdaýlar sebäpli halkara “Gyzyl haç” komitetine türmelere barmaga rugsat bermeýän bolmagy mümkin.

“Türkmenistanyň bu guramanyň wekillerine türmelere baryp görmäge rugsat bermezliginiň sebäbi näme bilen bagly bolmagy mümkin?” diýlen soraga “Halkara krizis toparynyň” wekili Endru Strohlin şeýle jogap berdi: “Meniň pikirimçe, türkmen resmileri öz abraýlarynyň gaçmagyndan gorkýan bolmaly. Emma, dogrymy aýtsam, şeýle gorky astynda ýaşaýan režimiň näme hakda pikir edýänligini bilmek hem kyn.

Bu guramanyň islendik ýurduň wekilleri bilen geçirýän gepleşikleriniň we bu baradaky maglumatlaryň onsuzam kop derejede gizlin saklanýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň “Gyzyl haç” komitetiniň wekillerine türmelere baryp görmäge rugsat bermezligi hakykatdanam olaryň näderejede gorky astynda ýaşaýandygyny görkezýär”.

Emma gepleşikler dowam edýär

Emma, muňa garamazdan, halkara “Gyzyl haç” komitetiniň wekilleri bilen türkmen resmileriniň arasynda yzygiderli gepleşikler geçirilýär. Mundan ozal şu ýylyň fewralynda hem şeýle duşuşyklar bolup geçdi.

Sonda, 23-24-nji fewral aralygynda “Gyzyl haç” komitetiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “Gyzyl ýarymaý” jemgyýetleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana baryp, türkmen resmileri bilen gepleşik geçiripdiler.

Şeýle duşuşyklar öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam etdirilýär. Emma näme sebäbe bu ugurda şu güne çenli o diýen ösüş göze ilmeýär diýen sorag ýüze çykyar. Eýsem, bu ýagdaý halkara “Gyzyl haç” komitetiniň Türkmenistan boýunça alyp barýan sýyasatynyň ýalňyşdygyny görkezýärmikä?

Bu soraga “Halkara krizis toparynyň” wekili Endru Strohlin şeýle jogap berdi: “Halkara ‘Gyzyl haç’ komiteti öz iş alyp barýan ýurtlarynyň wekilleri tarapyndan berilýän maglumatlara bil baglamaly bolýar. Bu guramanyň beýleki ýurtlara öz talaplaryny kabul etdirip bileri ýaly nähilidir bir harby ryçagy ýok. Şunlukda, guramanyň wekilleriniň türmelere sapar etmeklerine rugsat berilmedik halatynda, bu gurama muňa diňe protest bildiräýmese onuň başga edip biljek zady ýok”.

Türkmenistan diňe bir halkara “Gyzyl haç” komitetiniň agzalarynyň türmelere barmaklaryna rugsat etmezlik bilen çäklenmän, eýsem, halkara hukuk goraýjy guramalarynyň hem bu ýurda baryp, ýagdaýlary öwrenmeklerine rugsat bermän gelýär. Synçylaryň aýtmagyna görä, bu hem öz nobatynda halkara jemgyýetçiliginde Aşgabadyň abraýynyň barha pese gaçmagyna sebäp bolýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG