Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa maliýe kömegine mätäç


Gresiýanyň häkimiýetleri Ýewropa Bileleşigine ýüz tutup, özlerine wada berlen maliýe kömeginiň gyssagly zerur boljakdygyny aýdyp, Ýewropa Bileleşigine ýüz tutdylar.

Halkara Walýuta Fondy bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bu meselede ýardam bermäge taýýardyklaryny aýdýarlar.

Gresiýanyň maliýe ministri çykyş edip, maliýe kömeginiň ilkinji böleginiň özlerine 19-njy maýa çenli beriljekdigine garaşýandyklaryny mälim etdi.

Mundan öň Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar Gresiýa 45 milliard ýewro barabar maliýe kömegini bermek barada ylalaşypdylar.

22-nji aprelde Gresiýanyň býujeti baradaky ýaýradylan maglumatlar bu ýurduň ýagdaýnyň çak edilişinden hem ýaramazdygyny görkezdi.

Gresiýadaky agyr maliýe krizisi ýewronyň hümmetini pese düşürip, ýewro zolagyna girýän 16 ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir eder diýen howatirlanmalar bar.
XS
SM
MD
LG