Sepleriň elýeterliligi

NATO güýçleri Owganystandan çykarylar


23-nji aprelde Estoniýanyň paýtagty Tallinde NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynda NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rassmusen çykyş edip, ýüze çykýan käbir kynçylyklara garamazdan, Owganystanda ýaranlyk güýçleriniň üstünlikli iş alyp barýandygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol NATO güýçleriniň Owganystanyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesini owganystanlylaryň özlerine tabşyryp başlajakdyklaryny aýtdy.

NATO-nyň ýolbaşçylary 2011-nji ýylyň tomsuna çenli ýaranlyk güýçlerini bu ýurtdan doly çykarmagy planlaşdyrýarlar.

22-nji aprelde Tallinde eden çykyşynda NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rassmusen owganystanlylary türgenleşdirmek üçin ýene 450 tälimçiniň ýetmezçilik edýandigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG