Sepleriň elýeterliligi

Bakyýew: «Gyrgyzystana prezident hökmünde barmaryn»


K.Bakyýew Minskde metbugat konferensiýasynda. 23-nji aprel, 2010.

K.Bakyýew Minskde metbugat konferensiýasynda. 23-nji aprel, 2010.

Gyrgyzystanyň häkimiýet başyndan kowlan prezidenti Kurmanbek Bakyýew anna güni eden çykyşynda özüniň ýurduň prezidenti hökmünde Gyrgyzystana dolanmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy. Bakyýew: “Men prezidentlik kürsüsine ýapyşyp ýatamok, islegim gyrgyz halkyna kömek etmek” diýdi.

Ol Minskde beren metbugat konferensiýasynda özüniň wezipe başyndan çekilmegini ykrar etmeýänligini bildirdi.

Bakyýew geçen hepde wezipe başyndan çekilýändigi barada beýannama ýazyp, oňa gol çeken hem bolsa, anna guni ol henizem ozuni ýurduň kanyny prezidenti diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Kurmanbek Bakyýew Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň çakylygy boýunça 19-njy aprelde, duşenbe güni Minskä barypdy.

Bakyýewiň täze delilleri

23-nji aprelde beren metbugat konferensiýasynda ol özüniň wezipeden çekilendigini ykrar etmezligini wagtlaýyn hökümetiň öz garyndaşlaryny goramak barada beren wadasynda durmaýanlygy bilen delillendirdi.

“Men wezipe başyndan aýrylmagymy ykrar etmeýärin. Sebäbi beýleki tarap bu baradaky şertleri ýerine ýetirmedi. Ýöne bu meniň ertir Gyrgyzystana dolanaryn diýdigim däl. Muny çürt-kesik aýdaýyn. Meniň prezident hökmünde Gyrgyzystana dolanmak niýetim ýok” diýip, Bakyýew öz çykyşynda nygtady.

Bakyýewiň aýtmagyna görä, ol ýürtdaky protestler özüniň häkimýetden kowulmagyna getirer diýip garaşmandyr.

“Rewolýusion ýagdaýy aňladýan hiç bir alamat ýokdy. Biz demonstrasiýalara öwrenişipdik. Oppozisiýa häli-şindi demonstrasiýa geçirýärdi. Men geçen bäş ýyllykda beýlekileriň 10 ýylda edeninden hem köp iş bitirdim. Häkimiýet başyndan çekilýänligim baradaky beýannamada hem 7-nji aprelde Gyrgyzystanda döwlet agdarylyşygy boldy diýip ýazdym” diýip, Bakyýew belledi.

“Manas” bazasy para çeşmesimi?

Penşenbe güni amerikan Kongresinde geçen diňlenişikde ekspertler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Owganystandaky söweşler üçin möhüm bolan bir bazany saklap galmak maksady bilen Gyrgyzystanda bir parahor hökümete çydamlylyk görkezenlikde aýypladylar.

Bişkegiň golaýyndaky “Manas” howa bazasy koalision güýçleriň uruşly zona gatnamak, Owganystanda iş alyp barýan harby uçarlary ýangyç bilen üpjün etmek üçin bir möhüm tranzit nokady bolup durýar.

Käbir ýerli synçylar güzeran ýagdaýyndan närazy adamlar tarapyndan iki prezidentiň güýç bilen wezipeden çetleşdirilmegine hut şu harby üçin tölenýän paralaryň hem belli bir derejede itergi beredigini öňe sürýärler.

Kolumbia uniwersitetiniň professory Aleksander Kooleý “2001-nji ýylda gurlan bu harby baza güýçli gyrgyz elitasynyň girdeji çeşmesine öwrüldi” diýýär.

Aleksander Kooleý Kurmanbek Bakyýewiň wezipeden çetleşdirilmezinden öň onuň maşgala agzalarynyň ýurtdan 200 million dollar töweregi serişde çykarandyklaryny hem öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG