Sepleriň elýeterliligi

Sirk gaýdyp geldi


Berdimuhamedow özüne sowgat berlen Dorhan diýen aty bilen.

Berdimuhamedow özüne sowgat berlen Dorhan diýen aty bilen.

23-nji aprelde paýtagt Aşgabatda ýerleşýän Döwlet sirkiniň durky täzelenen görnüşiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda ýurduň döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşygynda Berdimuhamedow opera hem-de sirk sungatlaryny gaýtadan dikeltmegiň wajyp meseledigi hakynda çykyş edipdi.

Şol duşuşykdan iki ýyl geçenden soň, türkmenistanlylar sirk sungatyna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

Sirkiň umumy tutýan meýdany 24 müň kwadrat metrdir. Onuň tribunasy bolsa 1700 tomaşaça niýetlenendir.

Döwlet sirkiniň durky täzelenen görnüşiniň açylyş dabarasynyň başynda türkmen atşynaslarynyň adyndan Türkmenistanyň prezidentine Dorhan atly bedew sowgat berildi. Berdimuhamedow özüne sowgat berlen ata münüp, tomaşaçylaryň öňünde manežde aýlandy.

Sirkiň arenasynda Keniýanyň akrobatlary, Orsýediň, Hytaýyň gimnastlary, Awstriýanyň žonglýorlary, Eýranyň gözbagçylary, Belarusyň klounlary dürli çykyşlary görkezdiler.

Mundan başga-da, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň, Polşanyň zehinli sirk artistleri paýtagtyň ýaşaýjylaryna öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Ýurduň telewideniýesinde berlen bildirişe laýyklykda, hepdäniň şenbe hem-de ýekşenbe günlerinde günüň üç wagtynda Döwlet sirkinde tomaşaçylara sirk çykyşlarynyň görkezilýändigi mälim edildi.

2001-njy ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow sirk tomaşalarynyň milli medeniýete laýyk gelmeýändigini aýdyp, olary gadagan edipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG