Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Ahmedinejat Ugandanyň prezidenti bilen duşuşdy


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat Afrika kontinentine edýän saparynyň barşynda Ugandanyň prezidenti Ýoweri Museweni bilen Tähranyň ýadro programmasy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Häzirki wagt Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine agza bolup durýan Uganda Eýrana garşy täza sanksiýalary ulanyp-ulanmazlyk meselesinde heniz öz anyk pozisiýasyny mälim etmän gelýär.

Düýn prezident Ahmedinejat Zimbabwä eden saparynda ýurduň prezidenti Robert Mugabi bilen hem duşuşdy. Bu duşuşykda iki ýurduň prezidentleri Günbatary Eýran bilen Zimbabwä garşy «bikanun we adalatsyz» sanksiýalary ulanmakda aýypladylar.
XS
SM
MD
LG